JEMGYÝET

Filmiň maslahatlaryna eýerip, halas boldy

Beýik Britaniýaly 10 ýaşly oglanjyk bir başdangeçirmeli filmde berilýän maslahatlara eýerip, deňizde gark bolmakdan halas boldy ― diýip, «Daily Mail» ýazýar.

Gazeti habaryna görä, Nort-Ýorkşir graflygynda ýaşaýan Rawiraž Sainin maşgalasy bilen kenarda dynç alyp ýörkä, tolkunlar ony deňziň jümmüşine alyp gitdi. Maşgalasy dessine halas edijilere ýüz tutsa-da, ony suwdan çykarmak üçin bir sagatdan gowrak wagt gerek boldy.

Suwdan çykarylan oglanjyk halas bolmagynyň sebäbini «Deňizde diri galmak» atly başdangeçirmeli film bilen baglanyşdyrdy. Şol filmde hem maslahat berlişi ýaly, ol arkanlygyna öwrülip, ellerini we aýaklaryny giň ýaýdy. Şeýdip hem gark bolmakdan halas boldy.

Oglanjygyň ugurtapyjylygy we batyrgaýlygy halas edijileri hem haýran etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 23-nji sentýabrda geçiriler

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabatda saparda boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady