SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BMG: Nädogry maglumatlardan saklanyň!

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky hasabynda nädogry maglumatlardan saklamagy masalahat berýär.

Nädogry maglumatlaryň adamlaryň duýgularyna ýaramaz täsir edýändigi üçin şeýle maglumatlary jemgyýetçilik torlary arkaly başgalaryna paýlaşmazdan ozal pikirlenmegiň has zerurdygy aýdylyp geçilýär.

Nädogry maglumatlaryň esasan hem täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň dünýäde ýaýran şertlerinde howply, ylaýta-da ölüm ýaly gaty erbet netijeleriniň bolup biljekdigi mälim edilýär.

Şonuň üçin COVID-19 bilen baglanyşykly nädogry maglumatlara garşy göreşmek üçin ilki bilen saklanyň, onlaýn paýlaşýan zatlaryňyz barada pikir edip görüň, şondan soňra maglumatlary paýlaşmagyňyzyň has maksadalaýyk boljakdygy mälim edilýär.

Related posts

Russiýa ilkinji bolup Covid-19 sanjymyny bellige aldy

Ata Watan Eserleri

Türkiýe wizalary: saglyk wizasy üçin zerur resminamalaryň sanawy

Suw çilimi we elektron çilim : bikanun söwdasyna garşy barlyşyksyz göreş