BIZNES

«Lapis Lazuli» ulag geçelgesiniň depgini güýçlendirilýär

2020-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Elmar Mamedýarow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammed Hanif Atmaryň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň barşynda taraplar üç döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Şu aýyň başynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada pikirleri we maslahatlary alyşdylar. Mälim bolşy ýaly, şol duşuşygyň esasy mowzkularynyň biri-de, Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe («Lapis Lazuli») halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek boldy.

Üç ýurduň möhüm magistral ýollarynyň çatrygynda amatly geografiki ýerleşişini nygtap, R.Meredow sebitleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, ulag mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy boýunça üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryna laýyklykda, Ýeke-täk logistika merkeziniň döredilmegi, ýük daşamalary ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň girizilmegi, gümrük-nyrh kadalarynyň ýönekeýleşdirilmegi we üçtaraplaýyn gepleşik usullarynyň ulanylmagy Merkezi we Günorta Aziýanyň hem-de Ýewropa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny berkidip, bütin sebitiň ösmegine ýardam berer.

Diplomatlar üç ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasynda wideomaslahatlaşmalary geçirmek arkaly bu ugurdaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça ylalaşdylar.

Şeýle hem sebit we halkara gün tertibi, şol sanda COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek bilen bagly möhüm meselelere hem seredildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Waşingtonda türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça assosiasiýasy döredildi

Türkmenistanda düýe ýüňünden we geçi çöpürinden ýüň ýüplük öndüriler