SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan-Türkiýe uçuşlary haçan başlaýar

Dünýäniň beýleki ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistan bilen Türkiýe arasyndaky uçar gatnawlarynyň birnäçe aý öň togtadylandygy hemmämize mälimdir. Türkiýäniň beýleki ýurtlara ýagny, halkara uçuşlaryň başlandygyny göz öňüne tutup, Türkmenistana uçuşlaryň haçan açyljakdygy baradaky mesele esasy soraglaryň biri bolup durýar. Türkmenistan barada  türk we türkmen dillerinde gündelik täzelikleri okyjylara ýetirýän habar saýty bolanlygymyz üçin bu sorag hemişe bize gelýär we käbir jemgyýetçilik torlarynda ýaýradylýan şular ýaly ýazgylaryň hakykylygy barada maglumat soralýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Türkiýe döwletleriniň arasyndaky uçuşlaryň belli senesi barada resmi taýdan anyk maglumat aýdylmaýar. Mundan başga-da, “Türkmenhowaýollarynyň” we “Türkhowaýollarynyň” resmi web sahypalarynda uçuşlaryň takyk senesi barada heniz maglumat ýerleşdirilmedik. Şol sebäpli dürli jemgyýetçilik torlarynda uçuşlar bilen baglanyşykly habarlara we şonuň ýaly “Türkmenhowaýollary” we “Türkhowaýollary” ýaly resmi guramalardan başga bilet satuw synanyşyklaryna has ünsli çemeleşmek peýdalydyr. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” resmi web sahypamyzda Türkmenistandan beýleki ýurtlara halkara uçuşlar barada resmi habar mälim edilen pursadyndan, maglumatlary dessine web sahypamyzda ýerleşdirjekdigimizi mälim edýäris.

Ýene-de okaň

Üstünlikler, tejribeler, hyzmatdaşlyk…

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi tanyşdyryldy

Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

Aşgabatda täze, döwrebap saglyk öýi açyldy

Ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy

“Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Tejen we Daşoguz şäherlerinde saglyk merkezlerini gurar