SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

1 günde 10 müň syýahatçy

Türkiýäniň Antalýa sebitindäki myhmanhanalar koronawirus ýokanjy sebäpli mart aýynyň ortalarynda ýapylypdy. 1-nji iýuldan başlap, käbir ýurtlara halkara gatnawlaryň ýola goýulmagy bilen daşary ýurtly jahankeşdeleriň gelmegine mümkinçilik döredi.

Pandemiýa döwründe geçen dynç güni bir günüň dowamynda 10 müňden gowrak syýahatçy geldi. 1-nji iýuldan bäri ýurduň iň köp syýahatçy kabul edýän sebitine 61 müňden gowrak jahankeşde geldi.

19-njy iýulda Antalýanyň howa menziline 55 uçar bilen 10 müňden gowrak syýahatçy geldi. Şol gün Antalýa Ukrainadan 23 sany, Germaniýadan 18 sany, Şweýsariýadan 4 sany, Angliýadan 3 sany, Serbiýadan we Belarusdan 2 sany, Moldowadan, Awstriýadan we Gazagystandan 1 sany uçaryň gelendigi mälim edildi.

Soňky 3 hepdäniň dowamynda Antalýa sebitine 61 müňden gowrak jahankeşde dynç almaga geldi.

Related posts

THY gar ýagyşy sebäpli gatnawlaryny ýatyrdy

ÝUNISEF Türkmenistana lukmanlar üçin şahsy gorag serişdelerini getirdi

Ata Watan Eserleri

“S7”: Türkmenabat-Moskwa uçar gatnawy barada

Ata Watan Eserleri