2020-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň konsultatiw-tehniki missiýasynyň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, BSGG-nyň ÝSE-nyň wekiliýeti COVID-19 garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň çäklerinde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän çäreler we hereketler bilen tanyş bolmak hem-de olara syn bermek maksady bilen Türkmenistana geldi.
Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň işjeňligini hem-de netijeliligini nygtady we türkmen tarapynyň BSGG-nyň berýan maslahatlaryna gyşarnyksyz eýerýändigini hem belläp geçdi. Şunuň bilen birlikde, pandemiýa garşy gönükdirilen ähmiýetli göreşde Türkmenistanyň halkara hem-de sebit derejesinde köpugurly hyzmatdaşlyga hemmetaraplaýyn taýýarlygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Öz gezeginde, BSGG-nyň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska BSGG-niň ýolbaşçylarynyň adyndan BSGG-nyň ÝSE-nyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň ýokary guramaçylygy we hemmetaraplaýyn utgaşdyrmakda beren goldaw üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň COVID-19 garşy giň gerimli göreş alyp barmaga gönükdirilen tagallarynyň, şol sanda Alym-lukmanlaryň halkara geňeşiniň döredilmegi baradaky başlangyjy we ýurdumyzyň «COVID-19 garşy tehnologiýalara ygtyýarlyk platformasyna» (C-TAP) goşulmagynyň aýratyn ähmiýetlidigini nygtaldy. Bu Platformanyň aýratynlyklary barada BSGG-nyň ÝSE-nyň adatdan daşary ýagdaýlaryň meseleleri boýunça baş hünärmeni, bu missiýanyň ýolbaşçysy Katrin Smolwud gürrüň berdi.
DIM-iň ýolbaşçysy şeýle-de häzirki wagtda Ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň milli meýilnamasynyň işjeň durmuşa geçirilýändigini belläp geçdi. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasy hem tassyklanyldy we ol koronawirus ýokanjynyň ýurdumyzyň çägine getirilmeginiň öňüni almak boýunça ähli edaralaryň taýýarlygyny göz öňünde tutýandyr.
Ministr şeýle hem häzirki wagtda Türkmenistanyň COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek boýunça ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreleriň ynsanperwerlik ugurly düzüjilerini gurşap alýan üçünji milli meýilnamanyň işlenilip düzülýändini hem aýratyn nygtady.
Aýratyn hem şübhe dörediji ýagdaýlaryň ählisini derwaýys ýagdaýda seljermek, şol sanda olar dogrusynda gaýragoýulmasyz çäreleriň durmuşa geçirilmegi barada habar bermek üçin Türkmenistanyň ýeterlik mümkinçilikleriniň we serişdeleriniň bardygy hem bellenilip geçildi.
Bu ugurda koronawirusyň täze görnüşiniň howada uzak wagtyň dowamynda saklanmaga ukyply bolan ownujak aerozol damjalary arkaly ýaýramak mümkinçiliklerini tassyklaýan ylmy barlaglaryň nazarda tutulmagy bilen, aýratyn goragy talap edýän töwekgelçiligiň derejesi, şol sanda ony pese gaçyrmagyň usullary barada jemgyýetçiligiň habardar edilmegi boýunça işjeň maglumat beriji kampaniýa hem geçirilýändir.
Şu gün, BSGG-niň ÝSE-nyň wekiliýeti Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyk geçirdi, ol ýerde ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyň we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň çäklerinde milli derejede durmuşa geçirilýän hereketler ara alnyp maslahatlaşdyldy.
Degişli habarlar
Türkmenistan: Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasy