Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň berýän maslahatlary:
- Beden taýdan işjeňligi ýokarlandyrmaly we sport bilen meşgullanmaly;
- Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly;
- Pasyllara görä geýinmeli;
- С witamine baý önümler bilen iýmitlenmeli;
- Iş ýerinde we öý otaglarynda wagtal-wagtal penjireleri açyp, howanyň tämiz bolmagyny üpjün etmeli;
- . Hökman lukman bilen maslahatlaşyp, gyzyl burç ýa-da sarymsak goşulan unaş bilen iýmitlenmeli. Sarymsak bilen burç bedeniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän biologik işjeň maddalara baýdyr;
- . Dümewiň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman, maşgala lukmanyna ýüz tutmaly;
- Asgyrylanda we üsgürilende, elýaglyk bilen agzyňy we burnuňy ýapmaly;
- Elleri elmydama arassa saklamaly, onuň üçin nahar iýmezden öň we naharlanylanyndan soň, hajathanadan soň, daşardan geleniňizden soň elleriňizi sabyn bilen gowy ýuwmaly;
- Derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl. Esasan hem bu antibakterial serişdelere degişlidir;
- Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlaryny içmeli;
- Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda etdirmeli.