SPORT

Messi “Barselonadan” gidip biler

Lionel Messi 2021-nji ýylda gutarýan şertnamany uzaltmak baradaky gepleşikleri togtatdy. Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň argentinaly hüjümçisiniň bu topardan gidip biljekdigi mälim edilýär. Bu barada “Cadena Ser” gazeti habar berýär.

Messi “Barselonany” terk etmek kararyna geldi. Futbolçynyň şertnamasy 2021-nji ýylda tamamlanýar. 33 ýaşly argentinaly “Barselona” toparynda emele gelýän meselelerde özüni günäkärleýändiklerini üçin nägiledigini bildirdi.

Şu möwsümde “Barselonanyň” çempion bolmagy ýeňil däl. Toparyň garşydaşy “Real Madridden” 4 utuk yzda barýar. “Barselona” topary birnäçe tapgyrdan bäri şowsuz oýun görkezip, çempionlyk ugrunda möhüm utuklaryny ýitirdi.

Käbir metbugat gulluklary Messiniň Angliýanyň “Manseçter Siti” toparyna geçip biljekdigini mälim edýärler. Bu topara ispan tälimçi Hosep Gwardiola tälimçilik edýär. Gwardiolanyň “Barselonadaky” tälimçilik döwründe Messi we topar ýoldaşlary uly üstünlikleri gazanypdy.

Ýene-de okaň

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri