SPORT

Çelsi topary tomusda Çalowy öz düzümine goşup biler

“Çelsi” topary Russiýanyñ “SSKA” toparynyñ hüjümçisi Fýodor Çalow bilen gyzyklanýar diýip, Express saýty habar berýär. Şeýle hem Kristal Pelas we West Hem toparlaryny bu oýunça dalaşgärlik edýärler. Şu möwsümiñ soñunda Çelsi topary Temmi Abraham, Mişe Batşuaýi we Oliwýe Žiru bilen hoşlaşmak isleýändigini bildirdi. London topary inniki möwsümde Lýon toparyndan Musa Dembeleni, Inter toparyndan Lautaro Martinesi, Dortmund toparyndan Džeýdon Sançony we SSKA toparyndan Fýodor Çalowy düzümine goşmak isleýär. 21 ýaşly Çalow üçin Çelsi topary, SSKA toparyna 25 million funt sterling pul möçberini ödejekdigini bildirdi.

Related posts

Ýewro-2020: 15-nji iýunyň duşuşyklary

Çempionlar Ligasy: “Liwerpul” ýarym finala bir ädim golaýlady

Spaletti Italiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi boldy