TEHNOLOGIÝA

“Samsung”-yň onlaýn tanyşdyrylyş çäresi

Günorta Koreýanyñ “Samsung Electronics” kompaniýasy özüniñ täze görnüşli akylly telefonlarynyñ tanyşdyrylyş dabarasyny onlaýn görnüşde geçirip biler. Bu barada Koreýanyñ “Yonhap” habarlar gullugy habar berýär.

Her ýyl kompaniýa özüniñ täze önümlerini Nýu-Ýork şäherinde tanyşdyrýardy. Emma bu ýyl kompaniýanyñ ýolbaşçysy dabarany onlaýn görnüşde geçirmegi makul bildi. “Samsung”-yň tanyşdyrylyş dabarasynda “Samsung Galaxy Note 20” we eplenýän “Samsung Galaxy Fold 2” akylly telefonlaryny hödürlär. Şeýle hem “Galaxy Tab S7” we ele dakylýan “Galaxy Watch 2” akylly sagadyny tanyşdyrar.

Related posts

“Redmi K50” we “Redmi K50 Pro” tanyşdyryldy

Arkadag şäherinde JAC E-J7 elektrik ulagy hyzmat eder

Aşgabatda ekofestiwal geçirildi