Telekeçi Elon Muskyň eýeçiligindäki elektrik awtoulag öndürijisi “Tesla” täze rekord goýdy.
“The Verge” habarlar gullugynyň habaryna görä, hepdäniň başynda 919 amerikan dollar bilen açylan “Tesla” paýnamalary 1000 dollar derejesine ýetip rekord goýdy. Bu ösüşden soň, “Tesla” Ýaponiýada ýerleşýän “Toyota” kompaniýasyny yzda goýup, iň gymmatly awtoulag kompaniýasyna öwrüldi.
“Teslanyň” aksiýalarynyň köpelmeginiň esasy sebäbi, dünýäde koronawirusyň ýaýramagyna garamazdan köp zawodlaryň gaýtadan işlemegidir.
ABŞ-nyň çäginden daşarda ýerleşýän “Teslanyň” ýeke-täk zawody bolan Hytaýyň Şanhaýdaky desgasy ýapylandan soňra gysga wagtyň içinde gaýtadan işe başlady.
Elon Musk kim?
Ine, Muskyň gyzykly durmuş hekaýasy …
Oýlap tapyjy we telekeçi Elon Muskyň ejesi Haldeman kanadaly we kakasy Errol Günorta Afrikalydyr.
Elon Musk programma üpjünçiligini we kodlaşdyrmagy özi öwrendi we 12 ýaşynda “Blastar” atly oýun oýlap tapdy we soňra bu oýny IT pudagynda ilkinji bolup 500 dollara satdy.
1992-nji ýylda Ontario şäheriniň Kingston şäherindäki Şa zenany uniwersitetinde iki ýyl okandan soň, ABŞ-nyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň biri hasaplanýan Pensilwaniýa uniwersitetinde biznes we fizika ugrundan bilimi dowam etdirýär. Bu uniwersitetden ykdysadyýet boýunça bakalawr derejesini alýar.
Musk dogany Kimbal Musk bilen täze guramalar üçin onlaýn mazmun neşir edýän programma üpjünçiligi bolan “Zip2” taslamasyny durmuşa geçirdi we bu kärhanany 1999-njy ýylda 307 million dollara we aksiýa 34 million dollara “AltaVista”-a satdy. Şol ýylyň mart aýynda “X.com” onlaýn maliýe we töleg hyzmatyny esaslandyrdy we yzysüre “PayPal”-y döretdi. 2002-nji ýylda bu söwda kärhanasyny onlaýn söwda ägirdi “eBay”-a 1,5 milliard dollara satdy.
Musk 2002-nji ýylda “SpaceX” kompaniýasyny esaslandyrdy.