BIZNES

«Dell» kompaniýasyndan täze kompýuterler

«Dell» kompaniýasy netbuk kompýuterleriniň täze neslini alyjylara hödürleýär. Olar Dell «XPS 15 9500» we «XPS 17 9700» ady bilen müşderilere ýetiriler. Döwrebap bu kompýuterler şu hepdäniň ahyrynda satuwa çykarylar. Bu kompýuterleriň öňki nesli ýylyň kompýuteri ada mynasyp boldy. Bu bolsa kompýuterleriň hakykatdanam döwrebap çykandygyna şaýatlyk edýär. Netbuk kompýuterleriň içki ýady 4 TB barabar bolar. Häzirki wagtda kompaniýa täze kompýuterlere bolan sargydy kabul edip başlady. Akylly kompýuterlere müşderiler tarapyndan dürli teswirler kompaniýa gelip gowuşdy. “Dell” kompaniýasynyň hünärmenleri täze akylly kompýuterleriň müşderiler tarapyndan oňat garşylanmagyna garaşýarlar.

 

Related posts

Türkmenistan TFCA sebit taslamasyna gatnaşdy

Bezosdan Obama gaznasyna 100 million dollar

Aşgabat şäheri üçin 60 million dollarlyk jemagat tehnikalar satyn alnar