BILIM

Lukmançylyk orta okuw mekdebinde “Açyk gapylar” güni

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi 2020—2021-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän Balkan welaýatynyň hemişelik ýaşaýjylary bolan ýaşlary 2020-nji ýylyň 16-njy maýynda sagat 13:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar orta okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-usulyýet, tejribe we medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumat berler, ýaşlar mekdebiň okuw otaglaryna, umumy ýaşaýyş jaýyna baryp görerler.

Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň salgysy: Balkanabat şäheriniň 147-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 3-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 8 (222) 6-45-43, 6-45-34.

Related posts

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilimiň täze ulgamy güýje girer

Türkmen uniwersiteti Aziýanyň iň gowy uniwersitetleriniň biri bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ýapon dili boýunça okuw sapagy geçirildi