SPORT

Messi 21-nji asyryň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Sportuň futbol görnüşi boýunça dürli maglumatlary jemleýän “ProFootballDB” portaly “ELO” reýting ulgamy esasynda 21-nji asyryň iň gowy oýunçylaryny saýlady. Sanawda 100 bal toplap, “Barselonanyň” kapitany Lionel Messi birinji orny eýeledi.

“Ýuwentusyň” hüjümçisi Kristiano Ronaldonyň hem 100 baly bolsa-da, ol sanawda ikinji orny eýeledi. Messi geçiren gollary we topar ýoldaşlaryna geçiren paslary babatda öňdeligi eýeledi.

Messi 857 duşuşykda 697 gol geçirip, 273 gezek topar ýoldaşlarynyň gol geçirmegine ýardam etdi. Ronaldo bolsa 1000 duşuşykda 725 pökgüni tordan geçirip, 177 gezek topardaşlarynyň tapawutlanmagyna kömek etdi.

“ELO” reýting ulgamy gollary, geçirilen kömek paslaryny, garşydaşynyň derejesini, bäsdeşligi we beýleki görkezijileri göz öňünde tutýar.

  1. Lionel Messi (reýting – 100).
  2. Kristiano Ronaldo (100).
  3. Týerri Anri (98).
  4. Luis Suarez (97).
  5. Zlatan Ibrahimowiç (97).
  6. Garri Keýn (97).
  7. Mohammed Salah (97).
  8. Neýmar (96).
  9. Robert Lewandowski (96).

10. Radamel Falkao (95).

Ýene-de okaň

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gaiti – dünýä çempionaty bilen hoşlanan ilkinji ýygyndy

Meksika ilkinji bolup, 1/16 tapgyryna çykdy

Ata Watan Eserleri