TEHNOLOGIÝA

“WhatsApp” öz wideo jañ çägini artdyrdy

“WhatsApp” programmasynyñ döredijileri toparlaýyn wideo we audio jañlarynda ulanyjylaryñ sanyny iki esse köpeltdi. Öñ audio-wideo jañlarda 4 adam gatnaşyp bilýärdi. Indi bolsa wideo jañda 8 adam gatnaşyp bilýär. Emma bu täze çäkde diñe “WhatsApp” programmasynyñ barlama görnüşinde, ýagny iOS we Android sistemalarynda alyp bolar. Ulanyjy köpeltmegi öñki görnüşde ýerine ýetirip bolýar-täze toparlaýyn jañ düwmesine basmaly, jañyñ audio ýa-da wideo formatyny saýlap, soñra bolsa özüñe gerekli adamlary çagyryp bilersiñiz.

Related posts

«Samsung Galaxy S10 Lite» indi ABŞ-nyň söwda nokatlarynda

Agaçdan elektrikli ulaglar üçin batareýa öndüriler

Sesi klonlap suraty gepledýän emeli intellektli habar gepleşigi has kämilleşýär