TEHNOLOGIÝA

Amerika emeli aň ulgamynda dünýäde birinji bolmagy maksat edinýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurtda emeli aň teknologiýasyny ösdürmäge hem-de onuň esasynda işlenip düzülen işläp düzmeleriň eksportuny artdyrmaga gönükdirilen kararlara gol çekdi.

Waşington şäherinde geçirilen emeli aňy ösdürmäge bagyşlanan maslahatda çykyş eden Tramp Amerikanyň emeli aň ulgamyndaky bäsleşikde orun alýandygyny belledi. Şeýle hem ol Amerikanyň bu bäsleşikde ýeňiş gazanjakdygyny aýdyp, bu ugurda ABŞ-nyň Hytaýda öňde barýandygyny we bu ugurdaky ornuny pugtalandyrjakdygyny aýtdy.

Amerikanyň Lideri bu maslahatda gol çeken kararlarynyň biriniň emeli aň bilen işlenip düzülen tehnologiýalaryň ekportuny ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.  Bu ugurda Amerika ýöriteleşdirilen kompýuter enjamlaryny we programma üpjünçiliginiň eksportuny amala aşyrmagy maksat edinýär.

Tramp emeli aň tehnologiýasynyň infrastrukturasyna gönükdirilen giň gerimli ähli taslamalaryny çaltlandyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň amala aşyryljakdygyny belläp geçdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Hytaý bilen üstünlikli bäsdeşlik etmek maksady bilen intellektual hukuklaryň berjaý edilmegi üçin ähli işleriň ýerine ýetirilmegi babatda degişli işleriň geçiriljekdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy

Aşgabatda «Ýaş inžener — 2026» atly bäsleşik geçirildi

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler