TEHNOLOGIÝA

“Volkswagen” kompaniýasynyň girdejisi artdy

Germaniýanyň awtoulag öndürijisi “Volkswagen Group” 252,6 milliard ýewro girdeji gazandy, bu 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 7,1 göterim artdy we amal girdejisini 22 göterim ýokarlandyryp, 17 milliard ýewro ýetirdi.

“Audi”, “Bugatti”, “Seat”, “Skoda” we “Porsche” markalaryny öz içine alýan “Volkswagen Group” geçen ýyl üçin maliýe netijelerini yglan etdi. Şoňa laýyklykda 2018-nji ýylda 235,9 milliard ýewro girdeji gazanan “Volkswagen” geçen ýylky girdejisini 7,1 göterim ýokarlandyryp, 252,6 milliard ýewro ýetdi.

Degişli döwürde “Volkswagen”-iň amal girdejisi 22 göterim ýokarlanyp, 17 milliard ýewro ýetdi. Sport awtoulaglaryny goşmak bilen ýokary derejeli awtoulaglara bolan islegiň artmagy kompaniýanyň girdejisine oňyn täsir etdi.

Şeýle hem, “Volkswagen” kompaniýasynyň geçen ýyl 10,97 million awtoulag satandygy we şu ýyl  hem bazar şertleriniň kynlygyna garamazdan, söwdasynyň ýokary derejede galmagyna garaşylýandygy habar berildi.

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi