SPORT

“Liwerpul” topary ikinji gymmat futbolçysyny satyn aldy

Angliýanyň “Liwerpul” topary Germaniýanyň “Aýntraht” toparynyň futbolçysy Ugo Ekitikeni satyn aldy. Munuň üçin 95 million ýewro tölendi.

23 ýaşyndaky fransuz futbolçy bilen 2030-njy ýyla çenli şertnama baglaşyldy. Bu iňlis toparynyň taryhynda Florian Wirtsden soňra ikinji gymmat futbolçy boldy.

Bu futbolçy üçin 82.5 million ýewro hem-de 12.5 million ýewro goşmaça hak tölener. Häzirki wagtda bu futbolçynyň bazar bahasy 75 million ýewro deňdir.

Fransuz futbolçy “Reýms” toparynda ýetişdi we 2022-nji ýylda “PSŽ” toparyna geçipdi. Soňra Germaniýanyň “Aýntraht” toparyna geçip, bu ýerde 48 duşuşykda 22 gol geçirdi.

Bu hüjümçi “Liwerpul” toparynda golaýda aradan çykan Diogo Jotanyň ornuny alar.

Ekitike 26-njy iýulda “Milan” topary bilen geçiriljek ýoldaşlyk duşuşygynda oýnap biler.

Ýene-de okaň

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

“Akylly” şäherde futbol bäsleşigi

Saud topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy