TEHNOLOGIÝA

“Hisense” kompaniýasyndan täze akylly telefon

Dünýä belli kompaniýalarynyñ biri bolan Hisense kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek E-Ink atly reñkli ekranly akylly telefon çykarar. Bu akylly telefony 2020-nji ýylyñ başynda Las-Vegas şäherinde geçirlen CES 2020 atly sergisinde görkezilipdir. Şol wagtda bu akylly telefonda ulanyşda bolarmyka diýip, şübhelenýärdiler, inni bolsa telefona satuwa çykarmak meýilleşdirýärler. Akylly telefonda esasy aýratynlygy ýerleşdiriljek E-Ink atly ekrany, adamyñ gözüne zeper ýetirip bilmez, sebäbi ekran ýagtylyk ýaýratmaýar hiç hili gözüñe zeper ýetirmezden uzak wagtlap ondan okap bolýar. Bu akylly telefonda gijelerine ulanmak üçin “Ýyly” şöhle diýlip, ýörite funksiýa ýerleşdiriler. Şeýle hem ekranyñ az energiýa sarp edijiligi bilen tapawutlanýar, bu bolsa telefonyñ işleýişi boýunça günläp däl, hepdeläp hasaplanylar. Akylly telefonyñ resmi çykyşy 23-nji aprelda garaşylýar, şeýle hem bu senede China Digital Cloud 2020 çäre geçirilmegine meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

“Google” we Çili Awstraliýa çenli optiki süýümli kabel çeker

Hytaýyň awiakompaniýalary “Airbusdan” 500 uçar satyn alar

Russiýanyň uçarlarynda internet 2027-nji ýylda peýda bolar

“Microsoft” Şweýsariýada bulut we emeli intellekt üçin maýa goýýar

“Türkmentelekom” köpçülikleýin ýerlerde, howa menzillerinde we şypahanalarda Wi-Fi mümkinçiligini hödürleýär

Dünýäniň ilkinji emeli aň tehnologiýaly şäheri gurlar