BILIM

Albert Eýnşteýniñ ylmy çaklamasy barlandy

Ýaponiýanyñ alymlary Albert Eýnşteýniñ dartyş güýçi sagadyñ akymyna täsir edýär diýen ylmy çaklamasyna, eksperiment üsti bilen göz ýetirdiler. Tokio uniwersitetiniñ professory Hidetosi Katoriniñ ýolbaşçylygynda eksperimenti geçirmek üçin fizikler, atomno-optiki sagadyny ulanypdyrlar. Atomno-optiki sagady örän dürs işleýän enjamdyr, bu sagadyñ bir sekunt yza galmak üçin azyndan 30 milliard ýyl gerek bolýar. Soñra bolsa sagatlary Ýaponiýanyñ Tokio Sky Tree atly iñ beýik binasynyñ birinji gatynda birini ýerleşdirdiler, 450 metr beýikiginde ýerleşen binanyñ görüş meýdançasynda bolsa ikinji sagady ýerleşdirdiler. Barlaglaryñ netijesinde görüş meýdançadaky sagat, birinji gatdaky duran sagatdan tiz geçýän bolup durdy. 24-sagadyñ dowamynda sagatlaryñ arasyndaky tapawut 4,3 nanosekunda barabar boldy. Professorlar Tokyo Sky Tree binasynyñ birinji gatyndaky duran sagadyñ yza galmagynyñ sebäbi dartyş güýjiniñ täsiriniñ ulydygyny bellediler.

Ýene-de okaň

Robot tehnikasy: Maryda ýaş zehinleriň bäsleşigi jemlendi

ELS maksatnamasynyň çäklerinde hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirilýär

Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Türkmenistanda «Soňky jaň» dabaralary geçirildi

Büzmeýin etrabynda täze mekdep, çagalary bagy we saglyk öýi gurlar

Türkmenistanda galla oragyna girişiler