BILIM

Mekdep okuwçylaryna okuwçy haky

Hormatly Prezidentimiz düýn geçirilen iş maslahatynda okuwda we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri gazanýan çagalar altyn, kümüş we bürünç medallar bilen sylaglanylsa, ýokary synplarda okaýanlara bolsa Prezident okuwçy haky gowşurylsa, çagalaryň zehininiň ösmegine ýardam berýän ugurlara ýöriteleşdirilen döwlet merkezleri döredilse, işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam ederdi diýip nygtady.

BMG-niň Hökümetimiz tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijilerine laýyklykda, bilimiň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gazanmaly diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegiň, ýokary okuw mekdepleri üçin ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, häzirki zaman innowasiýa ösüşiniň halkara talaplara laýyk gelýän täze döwlet bilim standartlaryny taýýarlamagyň we ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym bilen ýokary okuw mekdebiniň baglanyşygyny has-da güýçlendirmegi, talyplaryň, aspirantlaryň, ýaş alymlaryň we professor-mugallymlaryň toplumlaýyn ylmy barlaglary geçirmegi üçin ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda tehnologiýa we innowasiýa merkezlerini döretmegi, ylmy we ylmy-pedagogik mekdepleri ösdürmek meselesini öwrenmegi talap etdi.

Milli Liderimiz bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekip, bu ulgam üçin häzirki zaman toplumlarynyň gurluşygyny we maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işlerini dowam etmegi tabşyrdy.

 

Ýene-de okaň

«Bolaşak» maksatnamasy boýunça müňlerçe gazagystanly dünýäniň iň abraýly uniwersitetlerinde mugt okaýar

Pakistan türkmen talyplaryna talyp haky bermäge taýýar

Türkmenistan Hytaýyň Dýanszy uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Ýaponiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde AQA Global wekiliýeti bilen duşuşyk

Mary welaýatynda täze çagalar bagy açyldy

Ata Watan Eserleri