Aprel aýynyň gelmegi bilen, ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça guralýan “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport bilen baglanyşykly uly möçberli sagdyn-durmuş medeni çäreler başlanýar. Milli Liderimiziň saýasynda Bagtyýarlyk döwrüniň eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşaýan ildeşlerimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini hemişelik hemra edinip, berk bedenli sagdyn şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzyň Mejlisi tarapyndan ýörite kanunçylyk namalary işlenip düzüldi. Bu kanunçylyk namalary 2013-nji ýylyň 3-nji maýynda türk-men parlamenti bilen dünýäniň birnäçe döwletleriniň arasynda döredilen parlamentara dostluk toparynyň çäginde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň esasynda häzirki zaman halkara tejribesi hem-de milli ýörelgeler utgaşdyrylyp işlenilip taýýarlanyldy. Ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgesiniň berk hukuk binýady bolan kanunlaryň iň naýbaşysy bolsa “Bedenterbiýe we sport hakynda Türkmenistanyň kanunydyr. 2001-nji ýylyň 7-nji iýulynda güýje giren bu kanuna dünýä döwletleri bilen parlamentara dostluk toparynyň döredilen ýylynyň 9-njy iýulynda üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi, 2015-nji ýylyň 23-nji maýynda bolsa ady agzalan kanunyň täze rejelen görnüşdäki nusgasynyň kabul edilmegi bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň örän giň gerime eýe bolup, ýurdumyzda aziýa we dünýä çempiontlarynyň yzygider geçirilmegine ak ýol açandygyny görkezýär. XIII bapdan 71 maddadan ybarat «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze rejelenen görnüşi Türkmenistanyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, Türkmenistanda bedenterbiýe we sport babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär we bu işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär. Bu Kanuna laýyklykda, bedenterbiýe – medeniýetiň düzüm bölegi bolup, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny, adamyň beden taýdan ösüşini durmuşa geçirmek, onuň hereket işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen jemgyýet tarapyndan döredilýän we ulanylýan, şeýle hem adamyň saglygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen we şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine ýar-dam edýän ruhy we maddy gymmatlyklaryň jemini özünde saklaýan işiň çygrydyr. Sport bolsa – bedenterbiýäniň organiki bölegi bolup, sportda netijeler gazanmak maksady bilen adamyň ýaryşlara we ýaryşyjylyk işine taýýarlygynyň ýörite tejribe görnüşinde emele gelen sportuň görnüşlerinde adamlaryň gazananlaryny ýüze çykarmagyň we deň şertlerde deňeşdirmegiň aýratyn çygrydyr. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze rejelenen görnüşine görä sagdyn durmuş ýörelgesi – adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşamagyna we durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine, ýaşaýşyň zähmet, jemgyýetçilik, maşgala-durmuş, dynç alyş görnüşlerine işjeň gatnaşmagyny gazanmak üçin öňüni alyş çäreleriniň kabul edilmegine, şeýle hem keselleriň sebäplerini we netijelerini düzetmek üçin öňüni alyş çärelerini amal etmäge gönükdirilen adamyň durmuşynyň keşbidir. Hut şu nukdaýnazardan-da, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryna irki çagalyk döwründen sagdyn endiklerini we ukyplaryny terbiýelemek, ýaşamak üçin howpsuz we amatly daşky gurşaw, temmäkiden, neşe serişdelerinden we alkogolly içgileri ulanmakdan ýüz döndermek, sagdyn iýmitlenmek, beden taýdan işjeň durmuş, şahsy we jemgyýetçilik gigiýenasy degişlidir. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň bu kanuny esaslary bolsa, ata-balarymyzyň: “Il saglygy – ýurt baýlygy” diýen parasatly şygaryna esaslanýar. Bu şygaryň ähli-halk senasyna öwrülip, bu ugurda ägirt uly işleriň amala aşyrylmagynyň esasynda bolsa, milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir” diýen ajaýyp taglymyna esaslanýan öňdengörüjilikli adyl syýasaty ýatandyr. Munuň özi bolsa, “Sport biziň durmuşymyzyň bezegine öwrülmelidir, ol adamyň diňe bedenini däl-de, eýsem, ruhuny hem taplaýar.” – diýip uly buýsanç bilen belleýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş syýasatynyň diňe bir ykdysady bähbitlere däl-de, ilkinji nobatda, sagdyn durmuş ýörelgelerine, milli ruhy-ahlak esaslara we bu babatda döredilen adyl kanunçylyk namalaryna esaslanýandygyny görkezýär. Diýmek, kanunçylyk taýdan berkidilen sagdyn durmuş ýörelgesi ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmekligiň düýp esas özeni bolup durýar eken. Milli Liderimiziň her ýylda bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli her ýylyň aprel aýynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport bilen baglanyşykly bir aýlyk çäräni geçirmek baradaky başlangyjyny türkmenistanlylaryň ählisi tarapyndan oňlanylmagy bolsa, munuň aýdyň subutnamasydyr.
Baky NURMUHAMMEDOW, Magtymguly adyndaky TDU-nyň “Hukuk” fakultetiniň talyby.