DÜNÝÄ

83 ýyl ozal öndürilen pomidor şerbeti satuwa goýuldy

«Ford Motor Company» tarapyndan 1938-nji ýylda guýlan pomidor şerbetiniň çüýşesi «Sotheby’s» bäsleşikli söwda öýünde satuwa çykarylar.

1938-nji ýylda Dirborndaky köne mekdep binasynda «Ford» pomidor şerbetini öndürmek üçin niýetlenen konserwa zawody açylýar. Üç hepdäniň dowamynda 30 çaga we bäş sany erkek şerbeti çüýşelere guýupdyr. Jemi öndürilen 52505 çüýşeden şu wagta çenli gaty az sanlysy saklanyp galypdyr, ýöne wagtal-wagtal olar satuwlarda peýda bolup durýar ― esasanam boş ýagdaýda.

«Sotheby’s»-de heniz açylmadyk çüýşe satuwa goýulýar. Ýöne içindäki şerbet içmek üçin ýaramsyz hasaplanýar. Çüýşäniň üstündäki bellige görä, «Ford Motor Company» şerbeti A, B we C witaminlerine baý bolup, «Forduň» Dirborndaky  fermasynda ösdürilip ýetişdirilen sary pomidorlardan öndürilipdir.

Taryhyň bir bölegine öwrülen bu çüýşäniň bahasy 150-300 dollara bahalanýar.

1938-nji ýylda kompaniýanyň pomidor bilen baglanyşygynyň tamamlanmandygyny bellemelidiris. 76 ýyldan soň, «Ford» «H.J. Heinz Company» bilen birleşip, pomidoryň gabygyny, baldaklaryny we tohumlaryny öwrenýän biokompozit taslamasyny döretmek üçin gözleg işlerine başlapdyr.

 

Hytaýda çagalara onlaýn oýunlar gadagan edildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri