JEMGYÝET

6 raýatymyz «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany gol çekdi.

Halk Maslahatynyň mejlisinde gol çekilen resminamada hususan-da şeýle diýilýär:

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanylýar. Bitarap döwletimiziň her güni zähmet ýeňişleri bilen şöhratlanýar. Ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Alnyp barylýan bu beýik işlere zähmetsöýer zenanlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda yhlas bilen zähmet çekip, berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylaýarlar, ýurdumyzda agzybirligi we jebisligi has-da berkitmäge uly goşant goşýarlar.

Eziz enelerimiz ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşyp, ogul-gyzlaryna, agtyk-çowluklaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde, sowatly, giň gözýetimli, watançy, zähmetsöýer nesilleri kemala getirmekde, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirýärler. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde hem mähriban zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatlary hormata mynasypdyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy başlangyçlarynyň we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny 

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamaly:

  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki 67-nji orta mekdebiniň mugallymy Nartäç Muhammetnazarowany,
  • Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäher Geňeşiniň hünärmeni Orazbike Pirmuhammedowany,
  • Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Balkan welaýat medeniýet merkeziniň işçisi Gözel Hudaýberdiýewany,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 20-nji orta mekdebiniň mugallymy Eneş Atabaýewany,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky 30-njy orta mekdebiniň mugallymy Rozygül Altyýewna Ýalkapowany,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Mary etrabyndaky 2-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Aksoltan Öwezberdiýewna Baýramowany.

 

Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby – «GaraÅŸsyzlyk – bagtymyz»

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady