Her ýylyň 31-nji oktýabrynda Bütindünýä tygşytlaýyş güni dünýäniň dürli künjeklerinde bellenilip geçilýär. Bu halkara güni nähili ýagdaýda döredikä?
1924-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Italiýanyň Milanda şäherinde I Tygşytlaýyş Banky Kongresiniň Tygşytlaýyş banklary gurultaýy geçirildi. Italiýaly professor Filippo Rawizza gurultaýyň soňky gününde 31-nji oktýabry “Halkara tygşytlaýyş güni” diýip bellemek barada teklip berýär. Kongresiň kararlarynda “Bütindünýä tygşytlylyk güni” bütindünýäde tygşytlamalary wagyz etmek üçin bagyşlanan gündigi barada aýdylýar.
Pul tygşytlamak ilki bilen durmuşymyzyň soňky tapgyrynda has möhüm orny eýeledi. Sebäbi ýurduň ösüşine jogapkär goşant hökmünde pul tygşytlamak ýurduň ykdysady ösüşi üçin hem möhümdir.
Ondan ozal hem käbir ýurtlaryň milli tygşytlylyk güni bardy. Her ýylda Bütindünýä tygşytlaýyş gününi gurnaýan banklaryň esasy maksady, köp ýurtlaryň banksyz ösýändigi baradaky meselelere ünsi çekmekden ybaratdyr. Käbir ýurtlarda ýörite tygşytlaýyş banklary hereket edýär. Bu halkara güni köp ýurtlarda 30-njy oktýabrda bellenilýär.
Aýlar Atajykowa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.