JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Liderini doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Gyrgyz Respublikasy Siziň öňdengörüjilikli, ynamly ýolbaşçylygyňyzda döwlet gurluşyny pugtalandyrmakda, jemgyýetçilik-ykdysady ösüşde hem-de halkara derejede ýurduň abraýyny has-da belende galdyrmakda uly üstünlikleri gazanmagyny dowam etdirýär” diýlip, hatda bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň işjeň we netijeli häsiýetini belläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge Prezident Sadyr Žaparowyň aýratyn üns berýändigini hem-de şahsy goşandyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gyrgyzystanyň halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

“Arkadag”- “Al-Nasr” duşuşygy: 500 sany meýletinçiler saýlanylyp alyndy

Saýlawlar boýunça saýlaw möwsümi başlady

Türkmenistan “Rona” atly eýran ýük gämisini halas etdi

Türkmenistanda aprel aýynda halkara matematika olimpiadasy geçiriler

Türkmenistanyň jemagat hojalyklaryna täze tehnikalar gelip gowuşdy