JEMGYÝET

30 ýyllyk Maksatnamada göz öňünde tutulýan ugurlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu Maksatnamada geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmegi üpjün etmek maksady bilen, birnäçe wezipeleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Şolaryň hatarynda ykdysadyýetiň düzümlerini üýtgedip guramagy, dolandyryşyň täze, has netijeli usullaryny bazar ykdysadyýeti şertlerinde ornaşdyrmagy dowam etdirmek, makroykdysady we maliýe durnuklylygyny saklamak;

  • tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň, pudaklary, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň, innowasion tehnologiýalary we kuwwatlyklary doly ulanmagyň hasabyna senagat we nebitgaz pudaklaryny depginli ösdürmek;
  • energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak, şol sanda wodorod energetikasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy öwrenmek, daşky gurşawy goramak, “ýaşyl ykdysadyýet” syýasatyny alyp barmak;
  • sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak; ykdysady-geografik ýerleşişiň amatlyklaryndan netijeli peýdalanyp, multimodal ulag geçelgelerini we ugurlaryny döretmek, ulag-logistika ulgamlarynyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün etmek;
  • ýer-suw serişdelerini ýokary netijeli peýdalanmagyň, hasyllylygy ýokarlandyrmagyň, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerini öndürmegiň hasabyna azyk howpsuzlygyny üpjün etmek;
  • bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen we importyň ornuny tutýan önümçilikleri çalt depginlerde ösdürmek;
  • amatly işewürlik gurşawyny kämilleşdirmegiň hasabyna kiçi we orta telekeçiligiň ornuny güýçlendirmek we jemi içerki önümde hususy bölegiň paýyny has-da ýokarlandyrmak, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň ösüşini işjeňleşdirmek;
  • netijeli maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek;
  • milli ykdysadyýetimizi depginli, durnukly we toplumlaýyn ösdürmegiň hasabyna ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak wezipeleri bar.

 

“Türkmengaz” bilen CNPC goÅŸmaça ylalaÅŸyklara gol çekiÅŸer

Ýene-de okaň

2025-nji ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Gazagystan söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Efiopiýa iş saparyny amala aşyrdy

“Galkynyş” topary 3 million manat pul baýragy bilen sylaglandy

“Galkynyş” toparynyň agzalaryna 1000 ýewrodan pul baýragy gowşuryldy

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri