SÖHBETDEŞLIK

Bahargül Kerimowa: 30 ýyldan soňky duşuşyk

Onuň bilen ilkinji gezek 1995-nji ýylda duşuşypdyk. Begençli wakalar tötänden bolanda täsiri-de başgaça bolýar. Şol ýyl şahyr Bahargül Kerimowanyň 50 ýaş ýubileýi mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda uly dabara geçirildi. Zehinli çagalar üçin ýöriteleşdirilen mekdebiň 10-njy synp okuwçysydym. Okuwçylaryň içinden saýlanyp şahyryň 50 ýaş ýubileýini ullakan gül çemeni bilen gutlamak meniň paýyma düşdi. Ondan bäri otuz ýyl geçdi.

Iş ýerimde kitaplary gözden geçirip otyrdym. Şahyryň  “Diňe jan diýjek” goşgular ýygyndysyna gözüm düşdi. Onuň bilen gürrüňdeş bolmak pikiri döredi. Onsoň Bahargül gelnejäniň telefon belgisini gözledim, tapan dessime-de oňa jaň aýladym. Hal-ýagdaýyny sorap, söhbetdeşlige barmak pikirimiň bardygyny aýtdym. Ol ene mähribanlygy bilen:

— Baş üstüne!  Geliber  gyzym, köplenç öýde bolýan. Näme sowalyň bolsa başardygymdan jogap bererin — diýdi. Şeýlelik bilen Bahargül Kerimowanyň döwletli ojagynda söhbetdeş bolduk.

–  Bahargül gelneje, adaty sowal bolsa-da, ilki bilen  döredijilige haçan başlandygyňyz gyzyklandyrýar — diýip gürrüňe başladym.

      – Gyzym, bu sowalyň çagalyk ýyllarymy, ejeli günlerimi  ýatlatdy. Çagalygymdan kitap okamagy gowy görýärdim. Biz sekiz dogandyk. Ejem hemmämizem gowy görýärdi, ýöne beýleki doganlarymdan tapawutlylykda meni has eý görerdi. “Gyzym bir zat diýenimde seniň bir gezegem: “ýok” sözüňi eşidemok. “Bor eje!” diýýäň, şonuň üçin ýumuş buýursamam mydama saňa buýranymy gowy görýän,  balam!” diýerdi.

Her gün käbämiň buýran ähli ýumuşlaryny bitirip, soňra-da gijäň bir wagtyna çenli kitap okap berýärdim. “Hüýrlukga-Hemra”, “Leýli-Mežnun”, “Hatam Taý” dessanlary, Magtymguly Pyragynyň, beýleki nusgawy şahyrlaryň goşgularyny okardym. Ejem: Gyzym, gadym döwürde dessan aýdanlarynda goşgy setirlerini aýdym edip aýdypdyrlar. Senem şeýdip okasana!” diýerdi.

Ejemiň beýleki enelere meňzemeýän üýtgeşik häsiýeti bardy. Gezmäge giden ýerinden kitap dükanyna baryp, okap bilmese-de, hökman kitap satyn alyp gelerdi. Özi sowatsyz bolsa-da, diňlemegi gowy görerdi. Ähli eneler sandygyna owadan keteniler, ýüpek matalar, gyňaçlar salyp goýsalar, ejemiň sandygyny açanyňda Magtymgulynyň, beýleki nusgawy şahyrlaryň kitaplary ýa-da dessanlar salnyp goýlandyr.  Özüniň  kitap okap bilmeýäni üçin gynanýardy. “Gyzym sen hökman okagyn. Men-ä okap bilmedim, biziň döwrümizde okuw ýokdy, siz bir okaň!” diýip sargyt edýärdi.

Bir gezek Aşgabatda ýaşaýan daýym öýmüze gezmäge geldi.  Daýym meni özi bilen öýlerine alyp gitjekdigini aýtdy. Ejeme naýynjar seredip:

– Eje jan! men sensiz neneň oňaryn?! — diýdim. Käbäm mährem keşbi bilen ýylgyryp ýüzüme seretdi-de:  “Oňarsyň balam, daýyň öýem öz öýüň ahyry” diýdi.  Soňam: “Gyzym, sen daýyňlarda hem okarsyň, hem öý işlerine kömekleşersiň”  diýip düşündirdi. Şeýdip tomusky dynç alyşda daýymlara gaýtdym. Soňam hemişelik şäherde galdym. Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdebe okuwa gatnadym. Çaga wagtymyz deň-duşlarymyz bolup: “Men ulalamda dogtor boljak”,  “men mugallym boljak”… diýip, her kim öz gowy görýän kärini arzuw ederdi. Şol wagt arzuwlarymyzyň durmuşda hasyl bolup, has ulurak käriň eýesi boljakdygymyzy welin bilemzokdyk…

Aslynda mugallym bolmagy arzuw edýärdim, ýöne şahyr bolaryn, ýazyjy-şahyrlaryň kerwenine goşulyp, şolar bilen bile işlärin diýip, pikirime-hyýalyma-da gelmändi. Okuwçy döwrüm käte ýolda-yzda uly ýazyjy-şahyrlara gabat gelip, salam berenimde, mähribanlyk bilen salamymy alaýsa, “Men uly ýazyjyny gördüm, oňa salam berdim, salamymy aldy” diýip, begenip joralaryma aýdýardym. Uly synplara ýetenimde käbir sebäplere görä, Aşgabat  şäherinde  ýerleşýän  23-nji orta mekdepde okamaly boldum. Ine, bir gezek 9-njy synpda okaýarkak, üçünji  çärýegi jemläp, ýaz kanikulyna gitmeli pursaty geldi. Mekdep müdiri Gara Jallyýew edebiýat mugallymyzdy. Ol: “Okuwçylar, şu gün soňky sapagymyz. Dynç alyş kanikulyndan gelýänçäňiz, men size ýumuş tabşyrjak. Wagtyňyzy bisarpa geçirmäň. Dynç alyş günleri nirä gidenligiňiz? Näme iş bilen meşgul bolanylygyňyz hakda, şeýle hem ýaz paslynda tebigatyň keşbini beýan edip düzme ýazyp geliň! Mugallym ýadyndan çykarar öýtmäň! Dynç alyşdan geleňizsoň,  ähliňize ýazan düzmäňizi okadyp, diňlejekdirin” diýdi. Şeýdip ýazky dynç alşa çykdyk. Äpişgeden seredip tebigaty, ak güllere bürenen baglary  synlap  oturşyma goşgy setirleri dilime geldi. Kagyza geçirdim. Düzme ýazmagyň ýerine goşgy goşanlygyma özümem haýran galdym.

 

Sanlyja günden okuw başlandy. Mugallym gapydan girenden hemmämiz ýerimizden turup salam berdik. Salamdan soň mugallym:

–   Okuwçylar ýumşy nätdiňiz? — diýip, bize seretdi.  Içimden:  “Mugallym “düzme ýaz” diýdi. Men bolsa, goşgy ýazdym, indi nädip okarkam” diýip çekinip otyryn.

–  Hany kim düzme ýazan bolsa elini galdyrsyn. Hemmeler  elini galdyrdy, diňe men el galdyrmadym. Mugallym: “Döwletowa (gyz familiýam) sen näme eliňi galdyraňok, ýazmadyňmy?” diýdi. “Mugallym,  men goşgy ýazdym” diýip ýuwaşjadan jogap berdim. Okuwçylar gyzyl-gyran gülüşdiler. Utanjymdan namys edip tas aglapdym, zordan saklandym. Mugallym:

–  Ýuwaş boluň!  Siz  bir zada üns beriň, gülüşmäň!  Ilki  bilen kim bolsa-da, onuň ýazan zadyny diňlemeli. Ýazylan zat gülküli bolsa ondan soň gülmeli. Düzmäni hemmeler  ýazyp  biler  emma,  goşgy  ýazmak başartmaz. Hany oka, diňläli! — diýdi.

Bahar geldi läle kakyp,

Şeýle ajap güller bilen,

Näz eýleýip herýan bakyp,

Geldi  saba ýeller bilen.

Juwan kalbym joşgün tapar,

Gezer ýaşlar topar-topar,

Söz saýlanar çeper-çeper,

Şahyrana diller bilen.

 

Söýýärin  men ýazyň ýagşyn,

Giň meýdanda salar nagşyn,

Gyzyl güller atyp öwşün,

Näz eýleýir çöller bilen.

Goşgymy okap çekinjeňlik bilen mugallyma seretdim.  “Döwletowa sapakdan soň iş otagyma bar” diýdi. Bardym. Şol  wagtlar mekdepde diwar gazeti çykarylýardy. Gazetde ähli klaslaryň arasynda gowy okaýan, her bir geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýan okuwçylar hakynda ýazylýardy.  Mugallym: “Bahargül, seniň goşgyňy diwar gazetine çykarjak, ýöne  munuň bilen çäklenmän goşgyňy derrew  “Edebiýat we sungat” gazetine-de eltmeli” diýdi. Mugallym, “Edebiýat we sungat” gazetine biz ýaly okuwçylaryň goşgusyny çykarýalarmy? diýip sowal berdim. Talap ediji äheňde: “Men saňa goşgyny çapa bermeli” diýýärin, sen näme üçin maňa sowal berýärsiň?” diýip ýüzüme seretdi. Ýüzümi aşak salyp “bolýa” diýen äheňde başymy atdym-da, çykyp gaýtdym. Mugallymyň tabşyrygy bilen goşgymy redaksiýa gowşurdym. O döwürlerem şu günlermizdäki ýaly duralgalarda gazet-zurnallar satylýardy. Her gün duralgadaky kioskdan “Edebiýat we sungat” gazetiniň täze sany bilen gyzyklanyp, görüp geçýärdim. Ine, bir gün barsam gazetde goşgym çykypdyr. Begenjimden guş bolup uçup: “Mugallym goşgym çykypdyr” diýip mugallymyň ýanyna bardym. Ol ýylgyryp: “Görýäňmi, redaksiýa elt” diýip, ýönelige aýtmadym. Goşgyň  gowulygyny, gazetde çykarjaklaryny bilip aýtdym-a, Bahargül gyzym! Indi yzyny üzme-de haýdaber!  Hekaýa-da,  goşgam  ýazyber, dörediber —  diýip, ata mähri bilen mylaýym ýylgyryp maslahat berdi. Şeýdip mugallymyň ugrukdyrmagy bilen döredijilige başladym. 1963-nji ýylyň baharynda ilkinji goşgym metbugatda çap boldy. 10-njy klasyň başynda ýene-de goşgy hem hekaýa ýazdym. Başga-da iki okuwçy Amangeldi Amanow hem Gözel Kömekowa dagy hekaýa ýazdy. Biziň üçimizem, mugallym “Edebiýat we sungat” gazetine ugratdy. Daşarda ýüzi nurana adam duran eken.

–  Salam!  – diýip, utanjaňlyk bilen seslendim. Nurana adam:

– Salam  gyzym? Kimi gözleýäňiz? — diýip sorady. Şol adam gazetiň baş redaktory Baýram Welmyradow ekeni. Goşgy hem hekaýa getirdim. Ynha, bularam klasdaşlarym, hekaýa getirdiler — diýip, çekinjeňlik bilen özümi tanyşdyrdym.

–   B-ää, tüweleme  asyl 23-nji orta mekdebiň okuwçylary görünmän ýatan zehin eken. Onda-da, bir klasdan üç zehiniň çykaýşyny diýsene — diýip, guwanç bilen ýüzümize seretdi. Elimdäki ýazgylaryma göz gezdirdi-de:

–   Bahargül, bu gezek klasdaşlaryň bilen birlikde  hekaýaňy bereli,  goşgyňy indiki gezek beräýeris. Suratyňyzam gerek bolar — diýdi.  “Bolýa” diýip, hoşlaşyp gaýtdyk.

Şol günler mekdebimize iş tejribelik geçmek üçin ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň gyzy Orazjemal Saryhanowa, ýazyjy-şahyrlardan Hudaýguly Allamyradow,  Tirkiş  Jumageldiýew dagy geldi.  Bir gün Orazjemal mugallym bilen klasda bile galdyk. Mugallyma hekaýa, goşgy ýazýandygymy, gazete hekaýamy berendigimi, redaktoryň suratymyzy getirmegi tabşyrandygyny gürrüň berdim. Orazjemal mugallym:  “Sapakdan soň surata düşmäge bile gidäýeris, hem-ä gazete berersiň, hem ikimiziň bileje düşen ýadygärlik suratymyz bolar” diýdi.  Şeýdip Orazjemal mugallym bilen surata düşdük hem ýolda suratymy redaksiýa berdim. Soň ol: “Sen hekaýa ýazýan bolsaň, men saňa kakamyň suratyny berjek! Kakamyň özi ýok bolsa-da, onuň suraty saňa ýardam berer. Kakam hekaýa ýazýardy ol söweş meýdanynda-da “Men gaýdyp gelerin” atly hekaýasyny ýazypdyr. Emma kakama gaýdyp gelmek nesip etmedi” diýip gürrüň berdi. Ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň suratyny häzirem şahsy albomymda ýadygärlik saklaýaryn.

Synpdaşlar bolup redaksiýa elten hekaýamyz suratymyz bilen gazetde çap boldy. Amangeldi Amanowyň “Sende ýüregim ýatyr mazar”, Gurbangözel  Kömekowanyň “Wiý, ol-a Gültäjiň kakasy” atly hekaýasy hemem meniň  ilkinji  ýazan “Men şol garly gijedäki gyz-da” atly hekaýam okyjylara ýetirildi. Soňra orta mekdebi tamamlap häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Türkmen dili we edebiýaty” fakultetine okuwa girdim. Okuwymy tamamlap, şol wagtky “Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalynda korrektor bolup işe başladym. Şol wagt gazetiň baş redaktory Kerim Gurbannepesowdy. Soňra žurnalyň sekretary bolup işledim. Kerim aga bilen ataly-gyz ýaly bolup on bir ýyllap işleşdik. Ýokary okuw jaýlarynda, medeniýet öýlerinde bile çykyş etmek miýesser etdi. Kerim aganyň birnäçe goşgular ýygyndysyny maşynkada peçat etmek paýyma düşdi. Kerim şahyr  halypalarymyň biri. Ol diňe bir döredijilikde däl, durmuşda-da köp zatlary maslahat berýärdi. Familiýam Kerimowa bolansoň, bilmeýänler bize “ataly-gyz” diýerdi — diýip, Bahargül Kerimowa sözüne dyngy berdi.

    – Bahargül  gelneje,  durmuş guraňyzsoň, maşgalaňyzyň aladasy bilen döredijilik kyn bolmadymy? Ýazmaga, döretmäge ýoldaşyňyz rugsat  berdimi?— diýip, oňa ýene sowal berdim.

      – Gyzym, durmuşa çykaňsoň, durmuş seniň isleýşiňçe bolaýanok. Elbetde, durmuşyň süýjüsem, ajysam bar. Kynçylygam bar. Çagalarym ýaş bolanlygy sebäpli okuwymy biraz yza çekdirmeli boldum. Bir-birek bilen ylalaşmasaň, düşünişmeseň,  öz diýeniňi tutsaň,  “Men ýazmaly, döretmeli diýeniň bolaýanok”  onda maşgalaň dargajak. Durmuş guranymyzdan soň iki sany oglum boldy.  Ýoldaşym  başda ýazmagyma garşy boldy. Özem ol çagalygynda jigisi bilen ýetim galyp, ýetimligiň zaryny çeken. Onsoň onuň bilen ylalaşmaly boldum. Şeýdip ýazmagy,  döretmegi  kän ýyl goýdum.

Bir gezek gazetleri gözden geçirip otyrkam “Edebiýat we sungat” gazetinde özüm hakynda şahyr Ahmet Mämmedowyň ýazan makalasyna gözüm düşdi. Makalada “Bahargül Döwletowa gowy goşgular bilen çykyş edýärdi, bu gyza näme päsgel berýärkä, ýa durmuş sebäplimikä? Nirä ýitdiň, Bahargül, janyň beri sagmy? Okyjylar seni soraýar, senden gowy zatlara garaşýarlar? Seslen, Bahargül!” diýlip  ýazylypdyr. Gazeti okap gözüme ýaş aýlandy. Ýoldaşym her gün günorta naharyna gelende çaýyň başynda gazetiň gündelik täze sany bilen tanyşýardy. Gazet okamagy gowy görýärdi. Esasanam, Moskwadan gelýän “Moskowskiý literatura” hemem “Edebiýat we sungat” gazetlerini ýörite ýazylyp okaýardy.  Çaýyny  getirip goýdum-da, gazetleri ýuwaşjadan ýakynyna süýşürdim. Üstünde-de “Edebiýat we sungat” gazetini goýdum. Özümem bilmedik bolup, öý işlerine güýmenen bolýan, ogrynça-da ýoldaşymy synlaýan. Bir salymdan ol:

– Bahargül,  şu gazeti okadyňmy?! — diýip, ýüzüme soragly nazaryny dikdi.

– Ýok, çagalaryň, öýüň aladasy bilen  entek elimem degenok soňrak okaýmasam.

– Sen  hakynda makala ýazylypdyr.  Be, asyl sen  gysga wagtyň içinde okyjylara özüňi tanadypsyň-ow, men  welin, duýmandyryn. Seni  saklap gaty ýalňyşypdyryn. Seni döredijilige çagyrýan ekenler. Şu günden başlap ýene oka! Öwren! Döret!  Galamyň ujy ýiti bolsun!— diýip rugsat berdi. Begenjimden gözýaşlarymyň dür monjugy ýaly paýyrdap gaýdany ýadymda, gyzym – diýip gözýaşyny sylyp, biraz dymdy-da, gürrüňini dowam etdi. Şeýdip, ýene okap, döredip başladym. Munuň üçin ýoldaşyma minnetdar. “Sabyrly başa nur ýagar” diýleni. Sabyr-kanagat etseň, ähli zat gowulyk bilen tamamlanýar eken — diýdi. Onuň bu gürrüňlerini diňläp oturşyma  “Diňe jan diýjek” goşgy setirleri ýadyma düşdi.

    –  Bahargül gelneje, diýmek siz durmuşyňyzdaky ähli kynçylyklaryňyzy  “Diňe jan diýjek” goşgyňyzda aýdyşyňyz ýaly, sabyrly, kanagatly hereketleriňiz bilen ýeňip geçipsiňiz-dä?

–  Hawa, gyzym. Biz işleýärkäk, köplenç, Türkmenistanyň ähli welaýatlarydyr, etraplaryna gidip, medeniýet öýlerinde, ýa-da ekerançylyk meýdanlarynda işleýän daýhanlaryň öňünde çykyş edýärdik. Şahyrlar goşgy okap, aýdymçylar aýdym aýdyp, wäşiler degişme bilen halkymyza dynç berýärdi. Şonda köplenç şu goşgyny okamagy haýyş edýärdiler. Men gelin-gyzlara ýüzlenip: “Öýmüziň bezegi, gyzyl ýüzli mert ýigitlermiziň buýsanjy mähriban gelin-gyzlar! Şu goşgymy size bagyşladym. Maşgalanyň agzybirligi hemme zatdan belentdir, olam size bagly. “Ýalkasaňyz ýaz, gargasaňyz gyşdyr” öýňüziň içi. Ýoldaşyňyzy işden gelende mähir bilen garşylaň! Elbetde, öý bolsa alada ýetik bolýar, siz şony dessine aýtjak bolmaň! Çaý-çöregini beriň, dem-dynç alsyn, ondan soň ýumşaklyk bilen  aýdyň! Bu goşgyny ähli türkmen gelinleri ýanýoldaşyny söýsün, bir-biregi  sylasyn, göwne degişlik bolmasyn, agzybirlik bolsun diýip ýazdym”. Goşgynyň ýadyma düşen berntlerini okyjylara hödürlemekçi.

Agşamyň şapagy, daňyň säheri,

Ezizim, men saňa diňe jan diýjek!

Mydam ýumşak bolsun sözüň äheňi,

Ezizim, men saňa diňe jan diýjek!

 

Synamy sowatman saklajak sensiň,

Bile iýen duzum haklajak sensiň,

Diýseň: “Günüm-aýym ötmejek sensiz”,

Ezizim, men saňa diňe jan diýjek!

 

Duýup bilsem mydamalyk ýazdygyň,

Sen  ýalynyň aýdaýyn men azdygyn,

Unutmasaň, bir mukaddes duzdugym,

Ezizim, men saňa diňe jan diýjek!

 

Sözüm ýokdur, maşgalanyň başy sen,

Isläniňçe, uzaldarsyň ýaşy sen,

Mährim bilen ýylydaryn üşeseň,

Ezizim, men saňa diňe jan diýjek!

        Hormatly okyjylar! Bahargül Kerimowa segsen ýaşyň bosagasynda dur.  Ilkinji  düzen “Bahar geldi” goşgusy hem altmyşdan ýaşdan geçipdir.  Bu şygyr eýýäm birnäçe ýyllardan bäri bagşylaryň dilinden düşmän aýdylýar. Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowanyň “Bahar geldi”, estrada ýyldyzy Eneş Rejepowanyň ýerine ýetirýän “Deňeýän” aýdymy, ýygy-ýygydan “Owaz” teleýaýlymynda islegler boýunça konsertde Ýagmyr Nurgeldiýewiň sazyna döredilen “Türkmen düzüm” aýdymy hem diňleýjilere lezzet berýär. Şahyr zenan türkmen halkynyň özüni sylaýandygyny, goşgy bentleriniň aýdym bolup ýaňlanýandygy üçin çäksiz minnetdar.

Bahargül gelneje, maşgalaňyz bilen gysgaça tanyşdyraýsaňyz! Hem  ene, hem şahyr hökmünde döredijililk ýoluna gadam basan ýaşlara berjek maslahatyňyz?!  

Iki oglum bir gyzym bar. Bir oglum, ýoldaşym  aradan çykdy. Hudaýa şükür, agtyjaklarym, çowluklarym bar. Çagalarymyň içinde döredijilik bilen gyzyklanýany ýok, ýöne hemmesem kitap okamagy, diňlemegi gowy görýärler. Belki, geljekde agtyjaklarymyň içinde döredijilige ýykgyn etjeginiň döremegi mümkin. Meniň aňrymda-ha döredijilik bilen meşgullanan ýok. Rehmet Seýidow daşgynrak garyndaşymyzdy.

Ýaşlara berjek maslahatym. Mähriban ýaşlar!  Asuda, parahat ýurdumyz bar. Döretmek üçinem, okamak üçinem hiç bir zatda kösençlik ýok. Biziň ýaşlygymyz bilen deňeşdireniňde has gowy. Biz okanymyzda, synp boýunça iki kitap bolardy. Hat ýazmak üçin ruçka ýok, çüýşede syýa bolardy. Gamyşdan galamyň uzynlygynda döwüp alardyk-da, pero dakyp syýa batyryp hat ýazardyk. Käte syýa gutaraýsa, kimde bar bolsa ýanyna baryp perony syýa çüýşesine batyryp ýazmalydy. Kagyz-da gytdy, kitap-depderiňi salmak üçin papka-da ýokdy. Her hili bölek matalardan ýantorba tikip, mekdebe götererdik. Urşuň yzýany gaty kynçylykly günlerdi. Tüweleme, indi hemme zat eliň aşagynda näme iýseň, geýseň, ähli zat bolçulyk. Mähriban ýaşlar, eziz çagalar, size ilki bilen berjek maslahatym, kitap okaň! Döretmek üçin köp okap, söz baýlygyňy artdyrmaly. Ýene bir zat aýdasym gelýär pespälligi elden bermäň! Elbetde, “men mugallym, men lukman” diýip bolar, emma  “men şahyr, men ýazyjy” diýmek bolmaz. Seni halk tanasa, şol ady halk berer. Allatarapyn zehiniň bar bolsa diňe okamaly, döretmeli, halk üçin täsirli, gyzykly eserler döretmeli, kämilleşmeli. Ýöne zehiniň bolsa-da, öz üstüňde işlemeseň, kämilleşmeseň bolanok. Halypalaryň, esasan-da, Magtymguly Pyragynyň, nusgawy şahyrlaryň şygyrlaryny okap, ýatdan öwrenmeli. Biz elimiz sypyndygy diňe kitap okaýardyk. Halypa şahyrlar bilen işlänimizde-de, uniwersitetde okanymyzda-da, halypalar bize kämilleşmek üçin hökman günüň dowamynda iki sagat okamagy tabşyrardy. Watanymyza, il-güne peýdaly ýaşlar bolmagyňyzy arzuwlaýan — diýip, ýagşy dilegler bilen sözüni jemledi. Bizem ýagşy dilegler bilen şahyr zenan Bahargül Kerimowa jan-saglygyny, döredijilik işinde üsütnlikleriň ýaran bolmagyny arzuwlaýas.

 Söhbetdeş bolan: Gülöwser Rahmanowa,

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Ýene-de okaň

Duşuşykdan soň gyzyklandyran söhbetdeşlik

Ata Watan Eserleri

Kerim Gurbannepesowyň päk söýgüsiniň kyssasy

Men Eneşiň aýdymlarynyň aşygy

Ata Watan Eserleri

Eýranyň ilçisi: Eýran Türkmenistanyň halkara parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar

BAE-niň ilçisi: Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar

Ata Watan Eserleri

Döwletjan Ýagşymyradow: Watanyma we halkyma wekilçilik etmek ajaýyp duýgy