SPORT

3-nji tapgyryň iki duşuşygy geçirildi

Düýn ― 1-nji noýabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 3-nji tapgyrynyň çägindäki dört duşuşygyň ikisi geçirildi. Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerindäki şol duşuşyklarda «Ahal» «Energetigi», «Şagadam» bolsa «Altyn asyry» kabul etdi.

«Ahaldan» üç golly ýeňiş

Paýtagtymyzdaky «Nisa» stadionynda «Ahal» bilen «Energetigiň» arasynda geçirilen duşuşykda janköýerler derwezelere dört pökginiň girişine şaýat boldular. Olaryň üçüsini ýer eýeleri «Ahalyň» futbolçylary geçirdi.

Şu ýyl düzümini has güýçlendirip, AFK-nyň kubogynda hem sebitara ýarym finala çykmagyň işiginden gaýdan «Ahal» duşuşygyň 25-nji minudynda Resul Hojaýewiň geçiren goly bilen öňe saýlandy. 53-nji minutda Ilýa Tamurkin aralygy iki gola çenli çykardy. Ýöne bu aralyk 2 minut soňra biraz ýygryldy. «Energetigiň» futbolçysy Orazmuhammet Işangulyýew tapawutlandyp, hasabyň 2:1-e gelmegini gazandy.

«Ahal» duşuşykdaky üçünji pökgüsini 59-njy minutda geçirip biljekdi. Ýöne möwsümiň iň netijeli futbolçysy Elman Tagaýewiň 11 metrlik jerime urgusy derwezeden sowa geçdi. Şeýlelikde, «Ahalyň» üçünji pökgi nesibesi 78-nji minutda Pirmyrat Sultanow bilen geldi. Duşuşykda ýokarda sanalanlardan başga gol bolmady.

Şeýlelikde, «Ahal» 3:1 hasabynda ýeňip, möwsümdäki dördünji duşuşygynda üçünji ýeňşini gazandy.

«Altyn asyr» ikinji gezek ýeňildi

Soňky ýedi möwsümiň çempiony «Altyn asyr» Ýokary liganyň täze möwsümine garaşylyşy ýaly başlap bilmedi. Topar henize çenli geçiren dört duşuşygynyň ikisinde garşydaşlaryndan asgyn gelip, ýaryş tertibiniň üçünji basgançagyna çenli düşdi.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri 3-nji tapgyrda myhmançylykda «Şagadam» bilen duşuşdylar. Olar 8-nji minutda derwezesinde pökgi görensoň (Nazar Towakelow) tijenip, 26-njy minutda Merdan Muhadowyň, 32-nji minutda Röwşen Halmämmedowyň geçiren gollary bilen myhmançylykda 2:1 hasabynda öňe saýlanan hem bolsalar, bu üstünligi duşuşygyň galan minutlarynda gorap bilmediler. 42-nji minutda «Altyn asyryň» hüjümçisi Myrat Ýagşyýew säwlik bilen pökgini öz derwezesine girizdi. Birinji ýarymy 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşygyň ikinji ýarymynda ýer eýeleri myhmanlaryny ýene iki pökgi bilen «serpaýladylar». 79-njy minutda Nazar Towakelow, goşmaça wagtyň 3-nji minudynda Röwşen Begjanow tapawutlandy. Şeýlelikde, duşuşyk 4:2 hasabynda «Şagadamyň» ýeňşi bilen tamamlandy.

«Ahal» 10 utukly ilkinji topar

Bu netijelerden soňra «Ahal» Ýokary liganyň şu möwsüminde 10 utuk gazanan ilkinji topar boldy. Ol ýaryş tertibiniň ikinji ornundaky garşydaşy «Şagadamdan» hem 3 utuk öňe saýlandy. Bassyr iki duşuşykdan bäri ýeňilýän «Altyn asyr» bolsa 6 utuk bilen ýaryş tertibiniň üçünji basgançagyna çenli düşdi.

Şeýle hem «Köpetdagda» 2, galan dört toparda ― «Merwde», «Aşgabatda», «Nebitçide» we «Energetikde» 1 utuk bar.

Şu gün ýene iki duşuşyk bar

Ýokary liganyň 3-nji tapgyry şu gün geçiriljek iki duşuşyk bilen tamamlanar. Olarda «Aşgabat» «Merwi», «Köpetdag» bolsa «Nebitçini» kabul eder.

Öýlän sagat 15-de başlanjak «Aşgabat» ― «Merw» duşuşygy «Nisa», 16-da başlanjak «Köpetdag» ― «Nebitçi» duşuşygy bolsa «Aşgabat» stadionynda geçiriler.

Bu dört toparyň ählisinde-de heniz bary-ýogy 1 utugyň bardygyny ýatladýarys.    

 

Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna gatnaşýar

Ýene-de okaň

Maýk Taýson Jeýk Poldan ýeňildi

«Köpetdag» – ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň ýeňijisi

Maýk Taýson hem-de bloger Jeýk Pol boks tutluşygyna çykýar

Ata Watan Eserleri

Dünýädäki iň garry futbolçy täze kluba geçdi

Messi “Inter Maýamide” galmak isleýär

Tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşy başlady

Ata Watan Eserleri