Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün üçin nähili meýilnamalaryňyz bar bolsa-da, ýoldaşlary tapmaga çalyşyň. Maksatlaryňyza ýeke-täk öz güýjüňiz bilen ýetmek kyn bolup biler. Emma uzak wagt bäri tanaýan, ynamdar adamlaryňyzdan kömek sorap bilersiňiz.Olar sizi ýarty ýolda goýmaz.Iş meseleleriňizde wakalar siziň garaşanyňyzdan has çalt ösüp biler. Şeýle-de bolsa, iş we biznes bilen bagly kararlar gyssagly kabul edilmeli däldir. Ýagdaýy oýlanyşykly seljereniňizde, öň gözüňize ilmeýän mümkinçilikleri görersiňiz. Kärdeşler we ýolbaşçylar bilen maslahatlaşmak peýdaly bolar; olaryň berjek maslahatlary äze pikirleriňizi durmuşa geçirmekde aýratyn ähmiýetli bolup biler.Güniň ikinji ýarymynda maliýe meselelerinde töwekgelçilikden saklanmak maslahat berilýär. Eger şu gün çykdajylara çynlakaý çemeleşip, artykmaç harajatlardan gaça dursaňyz, geljekde bu kararyňyz üçin özüňize minnetdar bolarsyňyz. Resminamalar bilen işleýän Hamallar has ünsli bolmalydyrlar.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Bu gün esasan hem iş taýdan üstünlikli geçer. Täze, adaty bolmadyk pikirler we batyrgaý meýilnamalar peýda bolar. Daş-töwerekdäkiler siziň pikirleriňize dessine baha berip ýa-da olary durmuşa geçirmekde goldaw bermäge taýýar bolmasalar-da, muňa mätäçlik hem bolmaz siziň özüňiz hem hemme zady başararsyňyz. Köp Sowurlar iş, kär ýa-da biznes bilen bagly möhüm we dogry kararlar kabul ederler. Nämäni hakykatdan isleýändiklerini gowy bilip, wagtlaryny boş zatlara sarp etmezler.Iş saparlary üstünlikli geçer. Peýdaly şertnamalaryň baglaşylmagy hem ähtimal. Käbir Sowurlar täze çeşmelerden ep-esli maliýe girdejisini alarlar.
Adaty bolmadyk tanyşlyklar hem mümkin. Şu gün sizi adatça aragatnaşyk edýän adamlaryňyzdan düýbünden tapawutly şahsyýetler özüne çekip biler.Güniň ikinji ýarymynda gyzykly söhbetdeşlikler bolar, emma gatnaşyklar çuňlaşman galmagy ähtimal, bu hem häzirki ýagdaýda oňyn hasap edilýär täze gatnaşyklara başlamak üçin bu gün amatly pursat däl.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Iş taýdan bu gün örän amatly hasap edilýär. Esasan hem möhüm gepleşiklere başlaýan Jöwzalar aýratyn güýçlerine bil baglap bilerler. Ylalaşyga gelmek garaşylandan has aňsat bolar we ýakyn wagtda hyzmatdaşlyk bilen bagly möhüm resminamalara gol çekiler.Kärdeşler we ýolbaşçylar bilen aragatnaşykda kynçylyklar ýüze çykmaz. Öň düşünişmezlikler bolan ýagdaýynda-da, şu gün hemmäni kanagatlandyrjak çözgütler tapylar. Has işjeň Jöwzalar köne garşydaşlaryndan üstün çykarlar we özlerine bolan ynamlary artar.Maliýe babatda käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler. Esassyz çykdajylardan gaça duruň, garaşylan tölegleriň birneme gijikmegi ähtimal.Güniň ikinji ýarymynda şahsy gatnaşyklarda hem ownuk düşünişmezlikler bolup biler. Ujypsyz zatlar sebäpli jedeller ýüze çykmagy mümkin. Olar uzaga çekilmezligi üçin, ýagdaýy tiz wagtda ýumşatmaga çalyşyň.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Bu gün käbir ýakymsyz garaşylmadyk ýagdaýlary we kyn meseleleri getirip biler. Şeýle-de bolsa, asudalygy saklap, akyllylygyňyza daýansyňyz, ýagdaý oňyn çözgüt tapar. Panika döredýän ýa-da hemme zady gara reňkde görýän adamlardan daşda durmak maslahat berilýär. Munuň ýerine, oňyn pikirli we mümkinçilikleri görüp bilýän adamlar bilen aragatnaşyk size has peýdaly bolar.Soňky wagtlarda işini üýtgeden we täze kärdeşlere öwrenişmedik Seretanlar üçin birneme kyn bolar. Ownuk düşünişmezlikler we jedeller ýüze çykyp biler. Muny ýüregiňize ýakyn almaň, ýöne içki duýgyňyza gulak asyň. Eger intuisiýa kimdir biri bilen aralyk saklamagy maslahat berse, hut şeýtmeli.Güniň ikinji ýarymynda maşgala gatnaşyklary taýdan bu gün oňyn bolar. Garyndaşlar bilen möhüm meseleleri asuda ara alyp maslahatlaşmak, ylalaşyga gelmek mümkin. Olar size gymmatly maslahatlar hem berlip biler.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Size gyzykly we netijeli gün garaşýar. Çylşyrymly meseleler bilen meşgullanmak zerur bolar, emma siz olary üstünlikli çözersiňiz. Geçen ýylyň ahyrynda toplan tejribäňiz size uly kömek berer. Şeýle hem bu aýda tanyşan adamlaryňyzyň goldawy hem peýdaly bolar. Hut şol adamlardan hyzmatdaşlyk barada gyzykly teklipler gelmegi ähtimal.Täze taslamalara başlamak üçin bu gün amatlydyr, emma möhüm şert bar: olar size hakykatdan gyzykly bolmalydyr. Gyzyksyz hasaplaýan işleriňiz wagtyňyzy we güýjüňizi biderek alar.
Iş gepleşiklerini ýa-da ýakynlary bilen möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşýan Esetler has ünsli bolmalydyrlar. Eger ýerine ýetirip biljekdigiňize azajyk şübhe bar bolsa, çynlakaý borçnamalary almazlyk we wada bermemek maslahat berilýär.Agşam romantik duşuşyk üçin örän amatlydyr. Söýgüli adamlaryňyz bilen aragatnaşyk diňe bir ýakymly bolman, ruhlandyryjy hem bolar.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Irden iş taýdan aýratyn oňaýly ýagdaý döreýär. Bu wagt köne meýilnamalary amala aşyrmak ýa-da düýbünden täze işe başlamak üçin amatlydyr. Okuw ýeňil geçer, intuisiýa öň çylşyrymly bolup görünen zatlara çalt düşünmäge kömek eder. Synaglary tabşyrmak we çynlakaý gürrüňler geçirmek üçin hem gowy pursatdyr.Şeýle hem siz ynandyryjy delilleri hem taparsyňyz.Günüň ortasy maliýe we emläk meselelerini çözmek, şertnamalary baglaşmak, resminamalary resmileşdirmek we döwlet edaralaryna ýüzlenmek üçin amatlydyr. Siz ünsli we jogapkärçilikli bolarsyňyz, şonuň üçin ýalňyşlyk goýbermezsiňiz.
Agşam meýilleşdirilen dostluk duşuşyklaryňyz we romantik görüşmeler üstünlikli geçer. Şeýle hem ýakymly sowgatlar we garaşylmadyk şatlyklar ähtimal.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Esasan hem günüň başynda pul bilen bagly töwekgelçilik etmek maslahat berilmeýär. Bu wagt ünsüňiz dargap biler we şowsuz şertnamalara ýa-da ýalňyşlyklara ýol bermek ähtimal. Käbir Mizanlar ýeňil pikirli ýagdaýda bolup, gereksiz çykdajylara we şowsuz satyn almalary edip bilerler. Tanyşlaryňyz siziň harajatlaryňyzy çäklendirmäge synanyşsa-da, olaryň maslahatlaryna gulak asmazlygyňyz mümkin.
Iş gatnaşyklarynda saýlap-seçip hereket etmek möhümdir. Günüň ikinji ýarymynda daş-töweregiňizde şübheli adamlar köp bolar, kimdir biri ynamyňyzy gazanmaga çalyşar. Şahsy gatnaşyklar babatda bolsa, gün örän oňaýly geçer. Esasan hem ilkinji duşuşyga barýan Mizanlar üçin bu gün ýatda galyjy bolar.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Oňyn täsirleriň agdyklyk etmegi sebäpli gün umumylykda gowy geçer. Şeýle-de bolsa, ýeňil üstünliklere we çalt ýeňişlere garaşmaly däl. Maksadyňyza ýetmek üçin ähli ugurlarda tagalla zerur bolar.
Işe aýratyn üns berýän Akraplar günüň başynda has seresap bolmalydyrlar. Hut şu wagt ýalňyşlyk goýbermek howpy ýokarydyr we olary düzetmek aňsat bolmaz. Tejribeli kärdeşleriň maslahatlaryna we ýolbaşçylaryň görkezmelerine gulak asmak peýdalydyr. Günüň ikinji ýarymynda ýagdaý ýeňilleşer we öňden bäri köp güýjüňizi alan işleri tamamlap bilersiňiz.Şahsy gatnaşyklaryna has köp üns berýän, düşünişmäge taýýar bolan Akraplarda sazlaşykly bolar. Öň jedel döredýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy yza süýşürmek we ýakymly bir zatlary meýilleşdirmek has ýerliklidir.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Bu gün gyzykly duşuşyklara baý bolar. Täze tanyşlyklara açyk we şahsy durmuşynda üýtgeşmelerden gorkmaýan Kowuslar üçin gün aýratyn ýakymly geçer. Hünär ýa-da dynç alyş çärelerine gatnaşsaňyz, adaty bolmadyk we özüne çekiji adamlar bilen tanşarsyňyz.Şeýle hem iş dostluk ýa-da romantik gatnaşyklar başlap biler.Özüňizi görkezmekden utanmaň. Özüňi tanatmak kariýeranyň ösmegine itergi berip biler. Näme başarýandygyňyzy, nämeleri gazanandygyňyzy açyk aýdyp bilersiňiz. Eger dessine teklipler gelmese-de, ýakyn wagtda peýda bolmagy ähtimal.Günüň ikinji ýarymynda maliýe taýdan hem gün erbet bolmaz. Şowly şertnamalar we peýdaly satyn almalar mümkin.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Bu gün aňsat geçmez, şonuň üçin irden çynlakaý ýagdaýda bolmak we bagta bil baglamazlyk maslahat berilýär. Köne meseleler ýene-de özüni bildirip ýa-da uzak wagt bäri yza süýşürilen işlere dolanmaly bolarsyňyz. Şeýle-de öň goýberilen ýalňyşlyklaryňyzy düzetmek mümkinçiligi peýda bolar. Günüň ikinji ýarymynda aýgytly hereket edýän Jediler möhüm bir ugurda ep-esli ösüş gazanarlar. Gyzykly tarapy, muňa başgalaryň kömegi bolmaz. Şeýle-de bolsa, bu ýagdaý ünsden düşmez we öň Jediler başgalaryň hasabyna üstünlik gazanýandygyny pikir eden adamlar öz garaýyşlaryny üýtgederler. Geljekde goldaw ýa-da hyzmatdaşlyk teklipleri hem bolup biler.Şahsy gatnaşyklar asuda we durnukly geçer, ýöne güýçli duýgulara ýa-da aýratyn romantika garaşmaly däl. Siz biraz sowukrak bolup bilersiňiz, ýakynlaryňyz hem şoňa görä özüni alyp barar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Günüň başynda seresaply hereket ediň, howlukmaň we her ädimiňizi pikirlenip ädiň. Bu wagt çylşyrymly işlere başlamak ýa-da möhüm meseleleri ýeke özüňiz çözmek üçin amatly däl. Günüň ikinji ýarymynda köpden bäri isläp ýören işleriňize ünsi jemläp bilersiňiz, hiç kim sizi päsgel bermekçi bolmaz. Bu döwür döredijilikli çemeleşme talap edýän meseleler üçin amatlydyr. Standart düşünjelerden daşlaşyp pikirlenmek ukybyňyz aýratyn peýda getirir.Agşam köne dostlar bilen aragatnaşyk üçin örän oňaýlydyr. Olar size ýakymly habarlar ýa-da gyzykly teklipler berip bilerler.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Bu gün näme meýilleşdirseňiz-de, esasan öz güýjüňize bil baglamaly bolarsyňyz. Köne hyzmatdaşlar hem kömek wada beren bolsalar-da, muny ýerine ýetirip bilmezlikleri mümkin. Munuň üçin olary günäkärlemek gerek däl.Günüň başy birneme dartgynly geçip biler, esasan hem birnäçe ownuk, ýöne uzak wagt bäri çözülmän gelýän iş meselelerini bitirmekçi bolan Hutlar üçin. şeýle hem garaşylmadyk kynçylyklar ýüze çykyp, başgalaryň goýberen ýalňyşlyklaryny düzetmeli bolarsyňyz. Wagtyň geçmegi bilen ýagdaý gowulaşar we maksatlaryňyza çalt ýetmek üçin näme etmelidigini anyk görersiňiz. Günüň ikinji ýarymy maliýe meseleleriňizi çözmek, şertnamalary baglaşmak we resminamalary resmileşdirmek üçin amatlydyr.
Ýakyn adamlaryňyz bilen düşünişmek adatdakysyndan birneme kyn bolup biler. Başgalaryň duýgularyna düşünmek aňsat bolmaz, bu bolsa dartgynly pursatlara getirer.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
