SPORT

Ronaldo soňky dünýä çempionatyna gatnaşar

Portugaliýanyň ýygyndysynyň we “Al-Nasr” klubynyň ýyldyz hüjümçisi Krıstıano Ronaldo 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty onuň üçin iň soňkysy bolar.

“Çynlakaý aýdýan, hawa,” — diýip, Ronaldo Saud forumynda wideoaragatnaşyk arkaly çykyş edip, 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty onuň üçin soňkysy bolarmy diýen soraga jogap berdi.

“Şol wagt meniň ýaşym 41 bolar, men pikir edýärin, şol pursat gitmeli bolaryn,” — diýip, belledi.

Portugaliýanyň ýygyndysy häzirlikçe ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe bolmady.

Portugal ýygyndaky ýene-de bir duşuykda ýeňiş gazanan halatynda, dünýä çempionatyna gatnaşar.

Öň habar berlişine görä, Ronaldo 2025-nji ýylda iň köp girdeji gazanan futbolçy boldy. “Forbes” žurnalyň maglumatlaryna görä, portugaliýaly futbolçy üstümizdäki ýylda jemi 280 million dollar gazandy, şonuň 50 million dollary — meýdançanyň daşyndaky girdejileridir.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi