BIZNES

“Türkmengaz” döwlet konserni halkara duşuşyklaryny geçirdi

22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025″ atly 30-njy halkara maslahaty we sergisiniň öňüsyrasynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew birnäçe duşuşyklary geçirildi.

“Schlumberger Logelco Inc.”  kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk

“Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçylary “Schlumberger Logelco Inc.”  kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar, häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak we Türkmenistanyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Nebitgaz hyzmatlary ulgamynda dünýäniň öňdebaryjylarynyň biri bolan «Schlumberger» kompaniýasy buraw we geofiziki işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen öz täze tehnologiki çözgütlerini hödürledi.

«PETRONAS» kompaniýasy bilen duşuşyk

«Türkmengaz» Döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň wekiliýetiniň arasynda Aşgabatda geçirilen duşuşykda operatiw ileri tutulýan ugurlar, özara gyzyklanma döredýän meseleler, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Türkmengaz» DK-nyň başlygy Maksat Babaýew Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky esasy halkara hyzmatdaşlarynyň biri bolan kompaniýanyň wekiliýetini kabul etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar dowam edýän bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge we köp ýyllyk strategik hyzmatdaşlygy berkitmek üçin täze ösüş nokatlaryny tapmaga aýratyn üns berdiler.

Habar berlişi ýaly, taraplar dünýä energetika bazarlaryndaky häzirki ýagdaý barada pikir alyşdylar we Türkmenistanyň energetika pudagynyň durnukly ösüşine özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Maksat Babaýew «PETRONAS» kompaniýasy bilen köp ýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlyk tejribesini nygtap, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkejekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, bu özara hereket strategik ähmiýete eýedir we Türkmenistanyň gaz pudagynyň durnuklylygyny hem-de durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.

«S&P Global» kompaniýasy bilen duşuşyk

«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew «S&P Global» kompaniýasynyň GDA sebitiniň täjirçilik direktory Ara Isaýan bilen möhüm duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda«Türkmengaz» bilen «S&P Global» kompaniýasynyň arasynda nebitgaz pudagynyň esasy ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri durdy. Taraplar netijeliligi ýokarlandyrmak üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak barada pikir alyşdylar we Türkmenistanyň çäginde bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljekki mümkinçiliklerine seretdiler.

«Hyperion Group» kompaniýasy bilen duşuşyk

«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen «Hyperion Group» (HYPERION INTERNATIONAL FZE) kompaniýasynyň wekiliniň arasynda iş duşuşygy geçirildi.

BAE-de ýerleşýän «Hyperion Group» halkara söwda bilen meşgullanýar, şeýle hem dürli pudaklar üçin ulgam integratory we senagat enjamlaryny üpjün ediji hökmünde çykyş edýär.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan, özara bähbitli, deňhukukly şertlerde hyzmatdaşlyga açykdygyny nygtady.

Ýene-de okaň

Balkanabat şäherinde Eýranyň Gülüstan welaýatynyň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen işewür duşuşyk geçirildi

Hytaýyň öňdebaryjy maşyn gurluşyk korporasiýalarynyň wekiliýeti Türkmenistanda duşuşyklar geçirdi

Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi suwa goýberildi

Türkmenistan «Chimcomplex» rumyn kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär

Amerikaly işewürler Türkmenistanda öndürilen önümlere ýokary baha berdiler