DÜNÝÄ

Türkmenistanyň alternatiw energiýa başlangyçlary

Howanyň üýtgemeginiň we senagatyň daşky gurşawa we adamyň saglygyna ýetirýän zyýanyny, şeýle-de daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmak boýunça işleriň geçirilmegi Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolar. Gün we ýel energiýa çeşmelerini ulanmagyň esasynda energiýa öndürýän ekologiýa taýdan arassa desgalaryň döredilmegi wodorod energetikasyny ösdürmek ugrunyň möhüm wezipesi bolup durýar. Bu gün Türkmenistanda wodorod energiýasyny öndürijileri hem-de ony gaýtadan işlemegiň mümkinçiliklerini ösdürmek wajypdyr. Esasy maksat alternatiw energiýa çeşmelerini utgaşdyrmak esasynda ikilenç suw serişdelerinden wodorody almakdan ybarat. Tehnologiýalar merkezi «ýaşyl wodorody» almak boýunça 2 ugurda işleýär: gaýtadan işlemek bilen biröýjükli suwotulary ösdürip ýetişdirmegiň üsti bilen wodorody almak, şeýle-de ýel turbinalarynda öndürilýän hemişelik energiýany ulanmak arkaly dializ usuly bilen wodorody öndürmek.

Türkmenistanyň Prezidenti  Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Maksatnamasyny makullady.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary esasynda döwletimiz tarapyndan halkara ösüşiň gün tertibinde strategik taýdan ähmiýetli orny eýeleýän meselelere aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny we “Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýany” durmuşa geçirmek babatda ulgamlaýyn esasda işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan gelip çykýan borçlary iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Maksatnamanyň” taslamasy hem-de bu resminamany durmuşa geçirmek üçin çäreleriň toplumy işlenip taýýarlanyldy.

Bu işler ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýerine ýetirildi. Hususan-da, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariatynyň, Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň, Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, şeýle hem Ählumumy ekologiýa gaznasynyň, Merkezi Aziýanyň ekologiýa meseleleri boýunça sebitleýin merkeziň, Aziýanyň ösüş bankynyň hünärmenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edildi.

Maksatnamada bu ugurdaky abraýly halkara guramalar, maliýe institutlary, ylmy-barlag merkezleri, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarydyr kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Energiýanyň daşky gurşawa zyýansyz, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, ýurdumyzyň aýry-aýry sebitleriniň energiýa üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek ýurdumyzyň energetika ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipelerdir.

Türkmenistanda ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine, şol sanda «ýaşyl» energetika geçilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky işleriň hatarynda daşky gurşawa goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreler işjeň amala aşyrylýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldamagynda ýurdumyz howa boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandyny taýýarlady we ony 2022-nji ýylyň maýynda tassyklady. Strategik resminamada 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny, 2010-njy ýylyň derejesine görä, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň halkara resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini bellemek gerek.

Hususan-da, Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan maksatlarydyr wezipeleri amala aşyrmaga gönükdirilen 2024 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnama hem-de 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasy» işlenip taýýarlanyldy.

Merkezi Garagumda ýerleşýän “Zäkli-Derweze” gaz ýataklar toplumynyň “Çaljulba” gaz käninde geçen asyryň 70-nji ýyllarynda emele gelen tehnologik açyk gaz ýangyn krateriniň gaz çykmasyny azaltmak boýunça ýerine ýetirilýän işleri Türkmenistanda metan zyňyndylaryny azaltmak babatda amala aşyrylýan netijeli çäreleriň ýene-de bir anyk mysaly hökmünde görkezmek bolar. Bu krateriň gazynyň çykyşyny azaltmak maksady bilen, onuň golaýynda ulanyş guýulary gazylyp, olardan ýokary möçberdäki arassa gaz akymlary alyndy we netijede, kraterden çykýan gazyň mukdary 2 esse azaldyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu ugurda şu güne çenli uly işleri durmuşa geçirdi. Diňe 2024-nji ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzda metan zyňyndylary 11 göterim azaldy. Bu bolsa meýilnamada bellenen derejeden ep-esli ýokarydyr.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmagyň, energetikanyň düzümini kämilleşdirmegiň, ýurdumyzyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň, energiýany tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalary milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrmagyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak, daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan ýerlikli peýdalanmak maksady bilen, «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Ylmyň we tehnologiýalaryň ösen döwründe gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini — Günüň, ýeliň, suw akymlarynyň hereketiniň hem-de beýleki tebigy hadysalaryň hasabyna döreýän üznüksiz we tükeniksiz gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak bütin dünýäde öňe sürülýän wajyp ugurlaryň biridir. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň peýdalanylmagy gazylyp alynýan uglewodorod serişdeleriniň ulanylyşyny peseltmek arkaly atmosfera goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini azaldyp, daşky gurşawy, atmosfera howasyny, ozon gatlagyny goramagyň zerur şertleriniň biridir.

Önümçilige we durmuşa ekologiýa taýdan arassa energiýany öndürýän tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň binýatlaýyn ugurlarynyň biridir. Güneşli Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden elektrik energiýasyny öndürmäge uly mümkinçilikler bar.

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Konstitusiýamyza esaslanyp hem-de hormatly Prezidentimiziň milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanyldy. Bu kanun 5 bapdan we 34 maddadan ybarat bolup, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak bilen energiýany öndürmek, energetika ulgamynyň düzümini kämilleşdirmek, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, Türkmenistanyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmak bu Kanunyň kabul edilmeginiň esasy maksady bolup durýar. Şonuň ýaly-da, bu Kanunda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagyň hasabyna energiýanyň öndürijiligini ýokarlandyrmak, energiýa howpsuzlygyny berkitmek, bäsdeşlige ukyply energetika ulgamyny ösdürmek we daşky gurşawy goramagy üpjün etmek ýaly wezipeler kesgitlenildi.

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda döwlet we beýleki maksatnamalar işlenip taýýarlanylanda teklipleri girizmäge hem-de olary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda ýeňilliklerden peýdalanmaga, özbaşdak ulgamyň üsti bilen berilýän gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän elektrik, ýylylyk energiýasyny hem-de biogazy ýerlemäge şertnamalary baglaşmaga, şeýle hem, gaýtadan dikeldilýän energiýany öndürmek, şeýle hem, ondan peýdalanmak bilen baglanyşykly hukuklar we borçlar kesgitlenildi.

Ýurdumyzda Hazar deňziniň kenary güýçli ýeliň has köp öwüsmegi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde ýelli möwsümiň ortaça tizligi ýylda sekuntda 6 metre ýetýär. Merkezi Garagumuň demirgazyk bölegi ýel öwüsmegi babatda Hazaryň kenaryndan soň ikinji ýerdedir. Bar bolan maglumatlara görä, bu ýerde ýel energiýasynyň mümkinçilikleri ýylda 600-800 kwt s/m2 deňdir. Deňziň we uly kölleriň golaýynda ýeliň gündizki tizliginiň üýtgeýşi has gowy duýulýar. Ol belentlige görä üýtgäp durýar. Ýerden 60 metr töweregi ýokarda ýeliň tizligi güýýçli we durnukly bolýar.

Gün we ýel energiýasyny ulanmak esasynda energiýa öndürýän desgalar wodorod energiýasyny öndürmek ugrunda wajyp wezipedir.

Türkmenistanyň wodorod energiýasyny öndürmäge mümkinçiligini göz öňünde tutup, gün-ýel energiýalaryna esaslanýan enjamlar jikme-jik öwrenilýär. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde kuwwatlylgy 10MWt köpugurly Gün we ýel elektrik bekedi guruldy. «Ýaşyl» energetiýa desgasy 2019-njy ýylyň aprelinde tassyklanylan 2019-2025-nji ýyllarda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini özleşdirmegiň Konpepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreler Meýilnamasyna laýyklykda bina edildi. Elektrik bekedi ekologia taýdan arassa energiýa öndürip, Tükmen kölüniň töwereginde peýda boljak ilatgly ýerleriň ygtybarly we üznükisz elektrik üpjünçigini üpjün eder. Ol ýurdumyzyň taryhynda özboluşly taslama bolup, onuň durmuşa geçirilmegi pudagyň kuwwatyny artdyrmaga, bu ugurdan milli hünärmenleri taýýarlamaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň döwlet energetika syýasaty sarp edijileri energiýa bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmäge, şeýle hem eksport mümkinçiligini giňeltmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan tebigy gazyň ätiýaçlyklary boýunça Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň dünýäde 4-nji ýeri eýeleýär. Tebigy gazyň çig mal binýady ýurtda iri ýangyç-energetika pudagynyň ösmegi üçin esas bolup, bu pudak ýurduň tutuş ykdysadyýetini ösdürmekde möhüm bölek bolup durýar.

Ýurtda Türkmenistan–Eýran we Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisi guruldy we ulanmaga berildi, olaryň ýurduň uglewodorod sektoryny ösdürmekde möhüm ähmiýeti bardyr. Energiýa serişdelerini iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrylmagyň ýene bir ugry Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy bolup durýar, ol goňşy we beýleki ýurtlara energiýanyň ygtybarly, durnukly we döwrebap çeşmelerine elýeterlik almaga we olaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik döreder.

Bitewi gaz geçiriş we elektroenergetika ulgamlarynyň döredilmegi netijesinde Türkmenistan ykdysadyýetiň tebigy gaza we elektrik energiýasyna bolan zerurlyklaryny doly derejede kanagatlandyrýar. Şeýle hem ýurtda şäherleri we ilatly ýerleri doly gazlaşdyrmak we elektrikleşdirmek amala aşyryldy.

Pudagyň kuwwatlyklaryny mundan beýläk hem giňeltmäge we eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda türkmen elektroenergiýasy Owganystana, Eýrana, Özbegistana we Gyrgyzystana eksport edilýär.

Türkmenistanyň energetika syýasatynyň geljegi bolan ugurlarynyň biri hem pes uglerodly ykdysadyýete geçmek we alternatiw energetikany ösdürmek bolup durýar. Ýurtda Gün energiýasyny peýdalanmagyň has uly geljegi bardyr, bu güneşli günleriň bir ýylda 300 günden hem köp bolýandygy bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Gün energiýasyny peýdalanmak bilen ekologiýa zyýansyz energetika enjamlaryny döretmek gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmegiň derwaýys ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şamil Roznazarow, žurnalist. 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistan Hazar meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmäge ygrarly

Türkmenistan bilen Belarus medeni hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklar ösdüriler

Türkmenistan Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Belarus oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy