SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

27-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň                              27-nji  noýabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün Hamallar  üçin işjeňligi talap edýän meseleleri çözmek üçin amatly mümkinçilikler dörär. Şeýle-de bolsa, ähli kararlary kabul edilmelidäldirler.Güniň ikinji ýarymynda bolsa  iş meselelerinde hem-de şahsy gatnaşyklarda durnuklylygy üpjün ederler.

 Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

 Bu gün ýyldyzlar   Sowur teleçilerne howlukmaç netijelerden we berk pikirlerden daş durmagy maslahat berýärler.Bu wagtky ýagdaý karýera we  gatnaşyklara, meýilnamalara sebäp bolup biler. Şeýle hem bu ýagdaý nerw dartgynlygyny döredip, geljegine bolan garaýşyny biraz üýtgedip biler.

 Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Bu gün Jöwzalar ýakymly bolmadyk habarlary almagy ähtimaldyr. Emma olar köplenç täze maglumat däl-de, eýýäm öň ýüregiňizde dörän pikirleriň we şübheleriň tassyklamasy bolup biler. Käbir mümkinçilikler henizem ýapyk bolup biler, maliýe meselesi bolsa çözgüt tapman biler. Şeýle-de bolsa, käbir yza goýlan işiň hakyky sebäbi belli bolup biler. 

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Seretanlar  üçin ýyldyzlar ýagdaýlaryň üýtgäp bilýändigini we olaryň içinde käbir nädogry duýgularyň ýüze çykyp biljekdigini  duýdurýarlar. Bu gün şahsy hem-de iş aragatnaşyklarynda nägilelik döredip biler. Ýakynlaryňyz  ýa-da dostlaryňyz  bilen gepleşiklerde duýgur pursatlar ýüze çykyp biler. Şeýle ýagdaýda ýalňyş düşünilmezlik üçin möhüm duşuşyklary ertire süýşürmek maslahat berilýär. 

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Esetleriň  döredijilik ukyplary häzirki wagtda has ýokarlanar. Uzak möhletli meýilnamalary täzelemek üçin amatly gün. Hem kärdeşler, hem-de ýakynlar bilen gatnaşyklary sazlaşykly alyp barmaga synanyşyň. 

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Sünbüleler täsirli netijeleri gazanmak üçin jikme-jiklige üns bermelidir. Iş meselelerinde çynlakaý çemeleşme üstünlik getirer. Güniň ikinji ýarymynda  ýyldyzlar Sünbülelere saglygyna  üns bermegi dogry iýmitlenmegi maslahat berýär.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Mizanlar  bu gün islendik meýilnamanyň üýtgeşik ownuk-uşak zatlar sebäpli bozulyp biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir. Üýtgeşik ýagdaýlaryň ýüze çykmagy söhbetdeşlikde, şahsy durmuşynda we maliýe meselelerinde has ähtimaldyr. Şonuň üçin möhüm maglumatlary sypdyrmazlyk möhümdir, ýöne hereketleri aýratyn-da satyn alyşlary we maliýe gepleşiklerini soňa goýmaklyk maslahat berilýär. 

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Akraplar üçin bu gün psihologik taýdan ýaramaz häsýetleriniň güýçlenmegi mümkin. Dostlary ýakynlary ýa-da maşgalalary bilen ozalky düşünişmezlikler täzeden ýüze çykyp, gepleşikleri kynlaşdyryp biler. Bagyşlamak, düşünişmek      ýa-da duýgularyňy açyk beýan etmek synanyşyklary hem käwagt dogry kabul edilmezligi mümkin.

Kowus (keman 23.11 – 21.12)

Bu gün Kowuslar energiýa bilen doly bolup bilerler. Iş meýilnamalaryny giňeltmek, täze meýilnamalary  açmak üçin amatly gün. Şahsy gatnaşyklary sazlaşdyrmagyň hem wagty geldi.Güniň ikinji ýarymynda dostlaryňyz bilen  syýahata çykyp bilersiňiz.Olar bilen syýahat etmek gürrüňdeş bolmak täze pikirleriň döremegine sebäp bolar.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Ýyldyzlar  bu gün  Jedilere maliýe meselelerinde hem-de satyn alyşlarda ýa-da maliýe amallarynda kynçylyklar we garaşylmadyk ýagdaýlar bolup biljegini ýatladýar.  Işde uly möhüm meseleler ýüze çykyp biler. Alnan kararlar uzak möhletli täsir eder.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Daluwlar üçin bu gün  gatnaşyklaryna hatda peýdaly tekliplere ýa-da duýgular bilen utgaşýan aragatnaşyklarda hem ünsli bolmagy maslahat berilýär. Geçmiş bilen baglanyşykly ýagdaýlarda, gaýtadan geçirilýän duşuşyklarda ýa-da gutarnykly gepleşiklerde seresap bolmak möhümdir. Içki duýgyňyz bir zadyň tertipli däldigini duýdurýan bolsa, oňa gulak asmaly.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Ýyldyzlar  Hutlara bu gün özleri üçin möhüm bolan aragatnaşyklary, netijeleri, çözgütleri ýa-da soňky netije berýän çykyşlary biraz gijikdirmegi maslahat berýärler. Hatda ýagdaý şübhe döretmese-de, jogap bermek ýa-da şertnama gol çekmek üçin dessine howlukmak zerur däl. Başga  biriniň maslahaty, täze pikir ýa-da öňe düzülen meýilnamallar derrew durmuşa geçirilmelidäldirler.

 

Ýene-de okaň

26-njy Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

25-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2025;Hepdelik täleýnama (24-nji-30-njy noýabr )

24-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

23-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

22-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama