SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

26-njy Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň                                26-njy noýabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu günüňizi gaty möhüm işleriňiz  bilen başlaň. Ilki   bilen ýeňil we güýç talap etmeýän meseleleri  ýerine ýetiriň, soňra bolsa has köp üns we güýç talap edýän işlere geçip bilersiňiz. Köne we ynamdar hyzmatdaşlaryň goldawy gerek bolup biler. Olara ýüz tutmakdan çekinmäň.Günüň ikinji ýarymy maşgalaňyza degişli meselelerde  ýa-da maşgala bilen alnyp barylýan biznes işleriňizde üstünlikli habarlary alyp bilersiňiz.. Şeýle hem romantik gatnaşyklary ösdürmek üçin hem amatly wagt bolar. 

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Günüň dowamynda sabyrlylyk we durnuklylyk size kömek eder. Pul meselelerinde oýlanyşykly hereket etmek maslahat berilýär. Maşgala gatnaşyklarynda rahat atmosferanyň emele gelmegi mümkin. Agşam wagt saýlap özüňizi dynç aldyryň.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Eger siz çalt hereket edip, wagty gereksiz ýere sarp etmeseňiz, soňky günlerde alada döredýän birnäçe meseläni birbada çözüp bilersiňiz. Şeýle hem täze iş hyzmatdaşlygyna  başlamak üçin gowy gün. Eger siz iş berijiler ýa-da hyzmatdaşlar bilen duşuşyga barsaňyz,  olarda örän gowy täsir galdyrarsyňyz.Maliýe taýdan kiçi möçberli pul gelip biler. Olar derrew harçlamak maslahat berilmeýär.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Seretanlar  bu gün doly dynç alyp bilerler we negatiw zat hakda pikir etmezler. Gereginden artyk özüňize agram salmaň. Sebäbi özüňizi dürsemek we ünsi jemlemek hemişe mümkin däl. Dürli ýakymly ownuk zatlara ýapyşyp, günüňizi mümkin boldugyça peýdaly geçirjek boluň.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Günüň dowamynda ownuk kynçylyklar ýüze çykyp biler, ýöne ähli ýagdaýda oňyn täsirler agdyklyk eder. Şonuň üçin köpsanly meselelerde üstünlik gazanmak mümkin bolar. Öňden tanyş işler has ýeňil düşer, täze işler hem sizi alada goýmaz.Güniň ikinji ýarymynda şahsy gatnaşyklarynda kynçylyk gören Esetler üçin bugün oňyn üýtgeşmeler bolup biler. Biri-biriňize  has gowy düşünmek mümkin bolar.

 Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Bu gün  Sünbüleler üçin ownuk aladalar bolup biler. Ýakynlaryňyz sizi üstünlik gazanmak islegi netijesiz taslamalary dowam etdirmäge mejbur edip biler. Güýjüňizi boş zada sarp etmän, wagtynda başga peýdaly işe geçmek maslahat berilýär.Işde pikir aýraçylyklary bolup biler. Sabyrly boluň soňunda ählisi size düşünip başlar.Günüň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen gatnaşygyňyz has ýakymly bolar. Olar sizi goldarlar, islegleriňizi ýerine ýetirmäge synanyşarlar.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Günüň başynda öňden tanyş meseleleri çözmek maslahat berilýär. Soňra täze meýilnamalar döräp biler. Täze tanyşlyklar işde-de, dostlukda-da, romantik gatnaşykda-da ýüze çykyp biler.Agşam garaşylmadyk romantik gatnaşyklar hem müňkin.

 Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Bu gün  güýçli energiýaly bolarsyňyz. Başlap goýlan işleri tamamlamak üçin ajaýyp gün. Köpden bäri alada edýän meseleleriňize oňyn çözgüt tapyp bilersiňiz. Romantik gatnaşyklarda gowy pursatlara garaşylýar.

 Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Uzak wagtlap kyn görnen işleriňize  başlamak üçin amatly gün. Öňden alnan tejribe uly kömek berer. Şeýle hem dogry hyzmatdaş saýlamak möhüm bolar. Duýgurlygyňyz  size kime ynanyp boljakdygyny aýdar.Güniň ikinji ýarymy  ýakyn adamyňyz size öň gazanmaga gorkýan zatlaryňyza girişmäge kömek berer.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Jogapkärli işler size garaşýar, şeýle-de bolsa olaryň ählisini ýeňip geçip bilersiňiz. Liderlik ukybyňyz güýçlener. Pul meselelerinde sazlaşykly ýagdaý emele geler. Şahsy gatnaşyklaryň durnuklylygy sizi begendirer.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Bu gün şahsy meseleler, öý işleri we ýakynlara kömek etmek iň netijeli ugur bolar. Köp zatlar öz-özünden ýola düşer. Köp wagt bäri görüşmedik adamlaryňyz bilen duşuşyk sizi begendirip biler.Işde wagtlaýyn kynçylyklar bolup biler, ýöne alada etmeli däl  hemme zat  garaşylanyndan çalt çözüler. Diňe pulla baglanyşykly işlerde ägä bolmaly. Ähli tekliplere çalt ynanmaň. 

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Günüň dowamynda emosional durnuklylygy saklamak möhümdir. Aýratynlykda maşgala meselelerini ünsli we mylaýym çözmäge synanşyň. Işde täze mümkinçilik döremegi mümkin. Agşamuk romantik meýilnamalar gowy täsir eder.

 

Ýene-de okaň

25-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2025;Hepdelik täleýnama (24-nji-30-njy noýabr )

24-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

23-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

22-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

21-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri