Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Bakylyga dönen ylham, Pyragy!

Gadymy türkmen topragy, belent dag gerişleriniň gujagynda oturan oba, juda täsin tebigat, Sumbar, Aýdere, Şyblan baba, Zelili … üstesine-de ylham hem melhem. Hakyt türkmeniň sanasaň sogaby bar diýýäni. Siz eýýäm nire hakynda gürrüň etjek bolýandygymyzy aňşyran bolsaňyz gerek. Elbetde, Gerkez!

Bu ýerler panynyň pähimdary, dünýäniň danasy Magtymguly Pyragynyň asyl mekany. Onuň dünýä inip, aýak basan keramatly ýerleri bu ýerler. Hawa, bu ýerler geografik taýdan kiçem bolsa hut goja dünýä özi ýaly örän uly, çägi ýaly örän giň döredijilikli meşhur Ägirdi beren ýerler. Şonuň üçinem bu ýerler diňe bir türkmen üçin däl, Asyl Ýer planetasynyň «akyl» gatlagy üçin hem juda degerli hem möhüm nokatdyr.

Gerkeziň geografiki ýerleşişi, biosferasy, gidrosferasy hakynda siz eýýam köp zatlary bilýän bolmagyňyz ahmal. Görenleriňiz, öwrenenleriňizem kändir. Ýöne men bu gezek şu ýeriň ylham beriji, duýgulandyryjy, ynsany heýjana salyjy, hatda tolgundyryjy gudratynyň bardygyny aýdasym gelýär. Özem şu hakykaty hut öz hakydamy kepil goýup, öz ýaşan, başdan geçiren pursatlarymyň mysalynda beýan etmekçi, rugsat bolsa…

Hawa, ýaradylyşyň  ähli gowluklarynyň birçäge sygan ýeri, ylla diýersiň behişdiň bir parçasy ýaly bolup görünýän örän bereketli bu mekanyň ruhy sahawaty biçak üýtgeşik eken. Men muňa birinji gezek duşan bolsam tötänlik diýäýjek welin, iki  gezek şaýat boldum.

Mundan on ýyl töwregi ozal okuwçy (2013ý), soňra talyp ýyllarymda (2016ý) döredijilik işi bilen öz ýaşaýan, okaýan ýerime golaý bolmadyk bu ýere saparym düşdi. Göräýmäge ýaş ýigidiň juwanlyk joşguny ýaly bolsada, ýola düşenimden serimi, kalbymy üýtgeşik duýgular gurşap aldy. Asyl maksadymyzam bu ýerde geçirilýän döwlet derejesindäki çärä gatnaşmak-her ýyl guralýan şygryýet bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etmek. (Bu bäslesigiñ özi hem Pyraga bagyslanyar «Magtymguly sözlär tili türkmeniñ»)

Aşgabatdan başlan menziller sanly sagatlaryň içinde bizi Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna golaýlaşdyrdy. Dag etegi bilen belentli-pesli, gaýaly-kertli ýollardan barşymyza  birnäçe ýoldaşymyzy howsala bassa-da, meniň kalbym barha joşýardy. Sebäbi aňymda, aklymda şu topragyň dünýä beren akyldar Oglunyň mesgenini görmek hakyndaky arzuwlarymyň amala aşmasy,  garaşmadyk pursatlarym bilen birden ýüzbe-ýüz bolmagyň özboluşly düşünjesi at salýardy.

Dogrusy, bäsleşik, çykyş, taýýarlyk, düşlejek ýerimiz… hakda bolsa  pikirem edemokdym. Ýol ugra sere gelen setirleri ýazgy edýärin, şahyryň setirlerine berilip barýaryn….

Ynhada  diýilýän ýeriň bosgasy. Delegasiýany bu ýeriň ýerli çagalary şahyrana setirler, duz çörek bilen garşy aldylar. Baran badymyza etrabyň Magtymguly adyndaky orta mekdebiniň öňünde bina edilen ýadygärligine gül desselerini goýduk. Soňam Magtymguly Pyragy muzeýine aýlanyp gördük. Sol gün agşam Döwletmämmet Azadynyñ adyny göteryän mekdepde döredijilik ag    duşuşygam guraldy, aydym-sazlar ýañlandy. Ertesi bäsleşigiň geçirilýän ýerine bardyk. Nobatma-nobat welaýatlardan gelen ýaş şahyrlar çykyş etdi. Gezek maňa gelende okamaly goşgym ýadyma düşenok. Mikrofonyň öňünde durun. Alnymda-da Pyragynyň heýkeli. Birden şahyryň «At istärin» goşgysy serime geldi. Duran ýerimde akyldar Pyragynyň bu goşgusyny nezire edip aýtdym. Bäsleşigiň beýleki tapgyrlarynda hem dana Pyragynyň ruhy medet berip, ylham bulagy joşdy welin diýer, aýdar ýaly däl. Az salymdan eminler döwlet derejeli bu bäsleşigiň jemini jemlediler. Ýeňijileriň hatarynda men hem sahna çykdym.Bolan ahwala, diňe bu ýeriň ylhamly güýji täsir edendir hemem Ussat Pyragynyň ruhy goldawy meni ýeňşe ýetirendir diýip düşünýärin. Dabaraly çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň ruhuna bagyşlanyp toý sadakasy berildi. Adyna aýat okaldy…Okuwçy döwrümde başdan geçiren bu wakamyň täsirinden heniz çykmankam talyplaryň arasynda geçirilýän bäsleşige hem gatnaşmak nesip etdi. Üç ýyl soň ýene-de edil şol pursat gaýtalandy. Ýöne bu gezek şahyryň adyny göterýän Magtymguly Pyragy muzeýiniň täze binasyna gadamymyz düşdi hem-de täze gurlan onuň has uly heýkeliniň öňünde baş egdik. Indi näçe ýyldyr Magtymguly Pyragy diýilse diňe ylhamly pursatlar, gudratly ýerler, şygryýetiň täsin dünýäsi göz öňüme gelýär.

Bu döredijilik adamlarynyň köpüsine tanyş hadysa bolmagam ahmal. Sebäbi Pyragy adamzady hemişe goldaýan, özüne tagzym edip huzuryna barana ak pata berýän ruhy halypa.

Heniz şahyryň adyny göterýän etrabyň Gerkez obasyna baryp görmedik bolsaňyz baryň! Görmeli, gezmeli diýen ýerleriňiziň sanawynda bu ýere hem orun beriň! Özem sizi Magtymguly atamyzyň daglara siňen nurana keşbi garşylar. Özüňizi ýol beletli, hossarly, ruhy goldawly hemem iňňän üýtgeşik ylhamly duýarsyňyz!

Ysmaýyl MUHAMMETDURDYÝEW.

 

Bellik: Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýaşlary akyldar şahyra bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly döredijilik bäsleşiginden ötüri “galam hakly” döredijilik işini yglan edýär. Emeli Intellektiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp geçirilýän döredijilik işi “Ak Tam” hojalyk jemgyýetiniň hemaýat bermeginde geçirilýär.

Şeýle hem ýakyn wagtda saýtymyzdan bu makalany iňlis we türk dillerinde  okap bilersiňiz. Emeli intellektiň üsti bilen ýörite wideo taýýarlap, “Atavatan Tv Youtube” kanalyna we www.atavatantv.com saýty bilen dünýäniň tomaşaçylar köpçüligine ýetireris. 

 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky taglymaty

Pyragy iňlisçe şirin ýaňlanýar

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda keramatly şahslar barada

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary milli terbiýäniň pähim akabasy

Magtymguly – telekeçi şahyr

Baky gelen ýok diýseler ynanmaň!