— Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edildi, senem gatnaşýaňmy?— diýip tanyşlarym jaň etdi.
— Bilmedim, nesip bolsa. Beýik Pyragynyň ruhundan medet! Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Handurdy Berdiýew: — Ýazyjy Gylyçmyrat Kakabaýewiň «Watan hakda üç aýdym» atly eserine oýun sahnalaşdyrýardym. Oýnumyz taýýar boldy, ýöne käbir sebäplere görä halka ýetirmekden saklanyp durdy. Birden iş sapary bilen Eýrana gitmeli bolduk. Şonda saparymyz tamamlanan güni toparymyzy Magtymguly Pyragynyň hemem kakasy Döwletmämmet Azadynyň aramgähine zyýarata äkitdiler. Hemmeler zyýarat edip bolansoň, ýeke özüm galyp, bilýän aýat-töwirlerimi okadymda, Magtymguly atamyzyň hemem Döwletmämmet Azadynyň guburyna elimi goýup, «Watan üçin baş goýan beýik şahsyýetlerimizi tirsegine galdyrmak üçin sahnalaşdyran oýnumyza ýol açmaga medet ber!» diýip dileg etdim. Duz çörek dadyp, aýat-töwirden soň ýola düşdük. Haýran galdym. Ýolda gelýäs welin, telefonuma jaň geldi. Kärdeşim Alty Sallandyýew: «Başlyk, hoş habar aýdaýyn. Oýnumyzyň aýyň 12-sine tomaşaçylara görkezilýändigi barada gazete ýazylypdyr» diýdi. Bolany, telefon öçdi. Näçe gün bäri çagalary bilen habar alyp bilmän duransoňlar, her kim telefonundan jaň etjek boldy, hiç kimiň telefony işlänok. Etrege ýetemizsoň, hemmämiziň telefonumyz açyldy. Soň ýene-de bir waka boldy. 2014-nji ýylda Pyragynyň 290 ýyllygyna «Magtymguly Pyragy» oýnumyzy sahnalaşdyrýardyk. Türgenleşikden soň saz bezegçileň ýanynda işläp otyrdyk. Takyr-tukur edip bir zat ünsümi bölýär. Oturan ýerimden, «ýuwaşyrak boluň!» diýýän ses ýatanok. Ahyry: «baryň, şo süpürijilere takyrdamaň diýsene!» diýip oglanlaň birini ugratdym. Az wagtdan: «Başlyk, işgärler takyrdanoklar. Üçekde şu kepderiler pasyrdaýan eken» diýip, iki sany akja kepderi göterip geldiler. «Henize çenli açylaly bäri ýekeje guş-gumry teatra giren ýeri ýok. Töwerekde kepderi saklaýan öýem ýok. Ol diňe Magtymguly atamyzyň hemem Azady atamyzyň ruhy bolmaly» diýen pikir tolgunma gaplady. Ýagşy arzuw-dilegler bilen kepderileri açyk howa asmana uçurdyk. Sahna eserimiziň soňunda ak kepderiniň uçup gidýän kartinasy bilen jemledik. Şeýle jemlemegimize olaryň ruhy salgy beren ýaly boldy. Ýene bir pursat ýadymda. Oýnuň ilkinji gezek görkezilişi boldy. Oýun tamamlandy welin, tomaşaçylaryň iň soňkyrak hataryndan sadaja geýnen, egni kletka köýnekli, aýagy köneje şypbyklyja bir oglan elini galdyrdy-da, «menem iki agyz aýdaýaýyn» diýdi. Dogrusy, men oňa näsagrak biridir öýtdüm. Içimdenem: «Häzir näme diýerkä, sähelçe bir kemçilik aýdaýsa-ha, oýnumyzyň ýatyrylmagyna bahana bolar» diýip alada etdim. Ol sahna ýetdi-de, aýak ýalaňaç ilkä sahna baş egdi, soňra-da tomaşa zalyna baş egdi. «Derwezeden geldim, ýene-de ýüzläp adam geler» diýdi. Kim ol, tanaýaňyzmy? — diýip gyzyklandym. Hiç kim onuň kimdiginem bilmedi, nädip teatrdan çykyp gideninem bilmedik. Şonda ak sakally ýaşulularymyzyň biri: «Dana Pyragynyň ruhy ak pata berendir. Ýagşyzadalar her hili keşpde gelip bilýändirler» diýdi. Tüweleme, şondan bäri şol oýnumyz sahnadan düşmän gelýär — diýip gürrüň berdi. Dogry gürrüň. Şo hili ýagdaý mende-de gabat geldi. 5-6 ýyllykda heýkeltaraş Orazmyrat Gurbanow maňa Magtymguly atamyzyň kiçeňräk heýkelini ýasap sowgat berdi. Heýkeli kompýuterli iş stolumyň üstünde goýdum. Bir gün agtyklam geldi-de: «Mama, bu adam kim?» diýip soradylar. Jogap bermedim-de, «döwäýmesinler» diýip derrew heýkeli aldymda ýygnamakçy boldum. Nirede goýjagymy bilemok. Ahyry äpişgäň öňünde goýdum-da, görünmez ýaly tutyny ýapdym. Iki-üç gün geçdi. Agtyklam öýlerine gitdi. Ýadyma-da düşenok. Düýşümde ýaňky heýkele jan girip, özi äpişgeden düşüp, kompýuterli stoluma tarap süýşüp barýa. Oýanyp geň galdym. Heýkeli göterip stolumyň üstüne geçirdim. «Beýik şahsyýetleriň ruhunyň öňünde-de seresap bolmaly» diýip içimi gepletdim. Şu hili gürrüňleri eşitsem okyjylara ýetiresim gelýä.
Arada ýylymyzyň şygary bilen bagly guralan duşuşykda çykyş etdik. Mirasgär Ümür Eseniň gyzy Akjemal gelneje: «Bu gürrüňi gaýynenem aýdypdy. Meşhur kompozitor Aşyr Kulyýewe 1948-nji ýylda Magtymguly Pyraga bagyşlap uly göwrümli saz eserini döretmek ynanylýar. Şonda ol birbada: «Şeýle beýik şahyr hakynda nädip eser dörederkäm?» diýip oýlanyp oturýar. Onuň aladaly ýagdaýdaky keşbini gören ejesi: «Oglum, ne beýle gamgyn halda?» diýip sowal berýär. «Käbäm, şu zeýilli uly iş tabşyryldy» diýip, kompozitor ejesine ýagdaýy düşündirýär. Onda ejesi: «Oglum, Pyragynyň aýak basan topragynyň yzlaryna diň sal, ýaşan ýerlerindäki baglaryň ygşyldysyny, guşlaryň sesini diňle, daglaryna diň sal» diýip maslahat berýär. Şeýlelikde ol Pyragynyň ýaşap geçen ýerlerine baryp şahyr hakynda kän öwrenip «Magtymguly» atly simfoniki poema ýazypdyr» diýip gürrüň berdi. Şol pursat akyldar şahyrymyzyň mysaly suratyny döreden Türkmenistanyň halk hudožnigi, professor, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyň eýesi Aýhan Hajyýewiň gyzy Oguljeren Hajyýewa bilen söhbetdeş bolanym ýadyma düşdi. Oguljeren gelneje:
— Kakam Pyragynyň mysaly suratyny çekmek üçin kän ýyl pikirlenip gezýär. Ine, bir günem ol irkilýär welin, Magtymguly atamyz düýşüne girip: «Aýhan, men ynha, şu hili keşpdedirin» diýýär. Kakam bada-bat ukudan oýanýar, emma düýşünde gören keşbi göz öňünden gitmeýär. Şol keşbi hakydasynda aýlap ýörkä-de, bir gün oňa düýşünde gören keşbine meňzeş bir adam sataşýar. Kakam hal-ahwal soraşýar-da, ondan nirede ýaşaýandygyny soraýar. Ol paýtagtymyzyň «8-nji mart» diýip atlandyrylýan künjeginde ýaşaýandygyny, adynyň Rejepdigini, ulag ussasy bolup işleýändigini aýdýar. Kakam kän oýlanýar-da, ahyry onuň ýanyna baryp, gören düýşüni gürrüň berýär. Rejep özüniň asly Garrygalalydygyny (häzir Magtymguly etraby) hemem Magtymguly Pyragynyň neberelerindendigini aýdýar. Kakam haýran galýar hemem şondan soň beýik Pyragynyň keşbini döretmek üçin ymykly girişýär. Magtymguly atamyzyň keşbi kakama Hakdan salgy berlen. Şondan soň kakam Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasynda oturyp, şahyryň döredijiligini öwrenýär. Garrygala, Gyzylarbat etraplaryna gidip, şahyryň nebereleri bilen, has uly ýaşly garrylar bilen gürrüňdeş bolýar. Olardan Magtymgulynyň ýaşan döwri, ilatyň şol döwürde gören görgüleri, çeken jebri-jepalary, şahyryň ömri, ýüz keşbi, daş sypaty, egin-eşigi, gylyk häsiýet endikleri barada öwrenýär. Mundan başga-da Magtymgulynyň tiresiniň häsiýetli aýratynlyklaryny kesgitlemek üçin we şol esasda şahyryň daşky sypatyny, ýüz keşbini göz öňüne getirmek we obrazy döretmek üçin, onuň neberelerinden köp sanly portret zarisowkalaryny hem taslamalaryny çekýär. Şeýdibem Magtymgulynyň mysaly portretini doly tamamlaýar — diýip gürrüň berdi.
Akgül Saparowa.
Bellik: Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýaşlary akyldar şahyra bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly döredijilik bäsleşiginden ötüri “galam hakly” döredijilik işini yglan edýär. Emeli Intellektiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp geçirilýän döredijilik işi “Ak Tam” hojalyk jemgyýetiniň hemaýat bermeginde geçirilýär.
Şeýle hem ýakyn wagtda saýtymyzdan bu makalany iňlis we türk dillerinde okap bilersiňiz. Emeli intellektiň üsti bilen ýörite wideo taýýarlap, “Atavatan Tv Youtube” kanalyna we www.atavatantv.com saýty bilen dünýäniň tomaşaçylar köpçüligine ýetireris.