JEMGYÝET

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi badalga aldy

Öňden habar berşimiz ýaly, 6-njy dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi badalga aldy. Ol bilen “Meridyen Uluslararsi Fuarсilik” türk kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagy okaldy.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, daşary ýurtly ilçiler, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Serginiň açylyş dabarasyndan soňra türkiýeli myhmanlar diwarlyklary aýlanyp gördüler. Bu gezekki ykdysady gözden geçiriliş çäresine Türkiýeden 100-e golaý kompaniýa gatnaşyp, olar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda iş alyp barýarlar.

Şeýle hem sergide Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem öz diwarlygy açyp, bu ýerde Türkiýäniň syýahatçylyk, medeni we ydksady mümkinçilikleri tanyşdyrýar.

Türkiýeli işewürleriň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan uzak geljegi nazarlaýan oňyn özgertmelere bolan gyzyklanmasy, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga bolan islegi hem-de türkmen bazarynyň artykmaçlyklary Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşýan kompaniýalaryň hatarynyň barha uzamagynyň kepilidir.

Türkmenistanly we türkiýeli işewürleriň oňyn tejribeleri, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň gazananlary, Türkiýäniň işewür toparlarynyň türkmenistanly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmalary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da pugtalanjakdygyny ynam bilen aýtmaga mümkinçilik döredýär. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir.

Sergi üç günläp dowam eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi