BIZNESIŞ ORUNLARY & TENDERLER

“Petronas” işe çagyrýar

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy aşakdaky hünärler boýunça ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar.

Gyýanly obasynda işlemek üçin tehnik (barlag-ölçeg abzallary we awtomatlaşdyrmak boýunça)

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: inženerçilik ylymlary boýunça diplomy ýa-da uniwersitetiň (politehniki, nebitgaz), tehniki institutyň tehniki dereje berýän şahadatnamasy bolmaly.

Iş tejribesi: nebitgaz ulgamynda barlag-ölçeg abzallaryny, awtomatlaşdyrylan dolandyryjylary we başga enjamlary, şeýle hem sensor datçiklerini abatlamak, olara tehniki taýdan hyzmat etmek boýunça 5 ýyl iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «MS Office» («MS Word», «MS Excel») programmasy bilen işlemegi başarmaly.

Hünärmen (enjamlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek boýunça)

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: inženerçilik ugrundan diplomy bolmaly.

Iş tejribesi: nebitgaz ýa-da nebithimiýa senagatynda enjamlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek boýunça maksatnamany ýerine ýetirmekde azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolmaly. Iş tejribesi boýunça ýörite talaplar: enjamlara wibrasiýa ýagdaýynda gözegçilik etmek başarnyklary bolmaly (azyndan 2-nji derejeli wibrasiýa analitigi); infragyzyl termografiýa, jebislik ýitende gazyň bölünip çykmasynyň barlagy (GLOC) we maşyn çalgy ýagynyň seljermesi; enjamlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek boýunça maglumatlar binýady babatda tejribe, näsazlyklary aradan aýyrmak, olaryň esasy sebäpleriniň seljermesi; zawodyň kemçiliklerini aradan aýyrmak hem-de kämilleşdirmek boýunça taslamalara (ISO, ASTM, API) we ülňülere laýyklykda enjamlary üýtgetmek, saýlamak, satyn almak babatda enjamlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek boýunça inženerçiligiň we tehniki taýdan hyzmat etmegiň aýratyn ugurlary boýunça maslahat bermek başarnygy.

Dil ukyplary: iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «MS Office» programmasyny («MS Word», «MS Excel»), enjamlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek boýunça gurallary we programma üpjünçiligini bilmeli.

Inžener-tehnolog

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: tehnologik prosesde we desgalary kämilleşdirmek boýunça tekliplerde (FIP) ulanmak üçin himiýa tehnologiýasy we gazy gazyp almak tilsimaty boýunça ýokary bilim.

Iş tejribesi: aşakdaky ugurlarda 3 ýyldan 5 ýyla çenli iş tejribesi bolmaly: tehnologik prosesiň maglumatlaryny seljermegiň esasynda nebit we gaz desgalarynyň tehnologik enjamlaryny optimizirlemek we olardaky näsazlyklary aradan aýyrmak; nebit we gaz desgalaryny üýtgetmek üçin inženerçilik taslamasyny özleşdirmek üçin tehnologik hasaplamalary geçirmek ýa-da programma üpjünçiligi bilen işlemek.

Dil ukyplary: iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «MS Office» programmasyny («MS Word», «MS Excel») bilmeli.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň bilen Özbegistanyň Ikinji sebitara forumy geçiriler

Türkmenistanyň käbir etraplarynda döwrebap demirýol stansiýalary gurlar

Türkmenistanda geljek ýyl 40,1 milliard manat maýa goýum özleşdiriler

Azerbaýjan bilen Gyrgyzystan energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdi

Gyrgyzystan Türkmenistanyň ulag we port hyzmatlaryndan peýdalanmaga gyzyklanma bildirýär

Işewür dünýäsiniň iň täsirli 100 adamy