BIZNES

“Toyota” önümçilikde rekord goýmakçy

“Toyota” şu ýyl 10,6 million awtoulag öndürmegi maksat edinýär. Maksada ýetilse, bu markanyň iň ýokary önümçilik görkezijisi bolar.

Ýapon awtoulag öndürijisi “Toyota” Ýewropanyň awtoulag bazarynda 11 göterim pese gaçan döwürde bazar paýyny artdyrmagy başardy. Bu üstünlik bilen “Toyota” kompaniýasy Ýewropada iň köp satylan ikinji awtoulag markasy hökmünde öz ornuny berkitdi.

“Toyota” şu ýyl 10,6 million awtoulag öndürmegi maksat edinýär we iň ýokary önümçilik görkezijisine eýe bolmak ugrunda tagalla edýär.

Ýapon kompaniýasy soňky gezek 2019-njy ýylda 9,1 million awtoulag öndürip, öz rekordyny täzeledi. “Toyota” 2022-nji ýylyň aprelinden 2023-nji ýylyň mart aýyna çenli bolan maliýe ýylynda 9,2 million awtoulag öndürmek maksadyny dowam etdirendigini mälim etdi.

 

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler