BIZNES

2026-njy ýylyň iş meýilnamasy: “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrlary özleşdiriler

Täze ýylyň ilkinji Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, iş meýilnamalaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan nebitgaz känlerini çuňňur özleşdirmek, tebigy we ugurdaş gazy, nebiti, gaz kondensatyny çykarmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna eksport etmek, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek, nebit önümlerini içerki sarp edijilere we daşarky bazarlara ibermek, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebite we tebigy gaza baý bolan gurluşlary, gaty magdanlary, ýerasty suwlary gözlemek we ýüze çykarmak, sanly ulgamy ösdürmek, ylmyň soňky gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak wezipeleri göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny özleşdirmek işlerine girişmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny üstünlikli ýerine ýetirmek meýilnamada iň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak, toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de nebitgaz toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler