SPORT

Futbol boýunça dünýä çempionaty üçin 1 milliondan gowrak bilet satyldy

Geljek ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna eýýäm 1 milliondan gowrak bilet satyldy diýip, “NBC News” habar neşiri habar berdi. ABŞ, Kanada we Meksika 11-nji iýun – 19-njy iýul aralygynda bu futbol çempionaty gurnaýar.

Häzirki wagtda 212 ýurtdan we sebitden janköýerler bilet satyn aldylar. Satyn alnan biletleriň sany boýunça ilkinji onluga şu ýurtlar girýär: Angliýa, Germaniýa, Braziliýa, Ispaniýa, Kolumbiýa, Argentina we Fransiýa.

Demirgazyk Amerikanyň 16 stadionynda geçiriljek 104 duşuşykda jemi takmynan 7,1 million orun tomaşaçylar bilen doldurylar.

Maglumatlara görä, iň arzan biletleriň bahasy 60 dollar bolup, olar azyndan 40 duşuşyk üçin elýeterli boldy. Şeýle-de bolsa, köp oýunlarda biletleriň bahasy has ýokarydy. ABŞ-nyň ýygyndysynyň Kaliforniýanyň Inglewood şäherindäki ilkinji oýny üçin biletleriň bahasy 560 dollardan 2735 dollara çenli üýtgeýärdi.

 

Ýene-de okaň

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”