BIZNES

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde tassyklanan «Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň we maýa goýum maksatnamasyna» laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyndaky iri taslamalary durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi.

Resminamalara görä, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda esasy üns Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň bir bölegi bolan «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan Serhetabat–Hyrat geçirijisiniň gurluşygyna gönükdiriler.

Şeýle-de, «Galkynyş» gaz käninde ulanyş guýularyny burawlamak işleri, täze nebit we gaz ýataklaryny ýüze çykarmak hem-de olaryň gorlaryny artdyrmak maksady bilen, ýurduň çäklerinde gözleg we çuň guýulary burawlamak işleri dowam etdiriler.

Umuman alanyňda, 2026-njy ýyl üçin maksatnama «Türkmenistanyň 2022–2052-nji ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasynda» bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini nazara alyp taýýarlanyldy. Ol döwlet býujetiniň görkezijilerine, önümçilik we maliýe meýilnamalaryna esaslanýar. Ykdysadyýetiň toplumlaýyn ösdürilmegi netijesinde makroykdysady görkezijileriň durnukly ösmegine we 2026-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň azyndan 6,3 % bolmagyna garaşylýar.

Şu ýyl üçin bellenen wezipeleriň amala aşyrylmagy ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge, işjeň maýa goýum syýasatyna, pudaklara häzirki zaman sanly tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine we raýatlaryň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler