BIZNES

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag infrastrukturasyna degişli birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygyny tamamlap, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Ileri tutulýan taslamalaryň hatarynda:

  • Arkadag şäherinde täze demir ýol menzili we awtomenzil, şeýle hem deňiz we ammarlyk hojalygyna degişli desgalar bar.
  • Deňiz ulaglary ulgamynda iki sany ýük gämisiniň we bir sany deňziň düýbüni çuňaldyjy gäminiň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.
  • “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy” Turgundy demir ýol menziliniň “gury portunda” häzirki zaman ammarlyk toplumynyň gurluşygyny, şeýle hem deňiz flotunyň “Ro-Ro” görnüşli täze gämi bilen üstüniň ýetirilmegini öz içine alýar.

Şeýle hem şu ýylda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary –Türkmenabat bölegi açylyp ulanmaga berler.

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler