BIZNES

2026-njy ýylda Türkmenistanda 41,2 milliard manat möçberinde maýa goýumlary özleşdiriler

Türkmenistanda alnyp barylýan özgertmeleriň esasy maliýe çeşmesi her ýyl üçin kabul edilýän Döwlet býujetidir. Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň 17-nji maýynda gol çeken «Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda» Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary we hünärmenleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, häkimlikleriň işgärleri bilen bilelikde degişli işler geçirildi. Şunlukda, 2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda bolan Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda «Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

“Türkmenistan” gazetinde habar berlişine görä, 2026-njy ýylyň baş maliýe resminamasyna laýyklykda, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak bilen bagly çäreleriň maliýeleşdirilmegini höweslendirmek dowam etdiriler, şol sanda bu iş döwlete dahylsyz bölege goldaw bermegiň, ykdysadyýetiň innowasion düzüm bölegini ösdürmegiň hasabyna amala aşyrylar.

2026-njy ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň jemlenen görnüşiniň taslamasy girdejiler we çykdajylar boýunça 131,8 milliard manat möçberinde göz öňünde tutulýar. I derejeli girdejileriň we çykdajylaryň möçberi 36,5 milliard manat möçberinde meýilleşdirildi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary bolsa býujetiň çykdajylarynyň goralan maddalary hökmünde kesgitlenilýär.

Şu ýylda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmegiň 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleriň we bar bolan önümçilikleriň durkuny täzelemek, täzelerini gurmak boýunça maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler.

Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýyla niýetlenen maýa goýum Maksatnamasynyň amala aşyrylmagy üçin 41,2 milliard manat möçberinde serişdeleriň özleşdirilmegi meýilleşdirilýär. Hususan-da, maýa goýumlaryň umumy möçberinden 68,5 göterimi önümçilik maksatly, 31,5 göterimi bolsa önümçilik däl maksatly desgalaryň gurluşyklaryna gönükdiriler.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan 2026-njy ýylda Ýewropanyň ýene iki ýurduna gaz iberip başlar

Gazagystan 2025-nji ýylda 70 milliard ABŞ dollaryndan gowrak möçberde ylalaşyklara gol çekdi

Baýraktar: Türkiýe bilen Azerbaýjan tebigy gaz boýunça täze ylalaşyk baglaşdy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýyllyk meýilnamasyny 6,7 göterim artyk ýerine ýetirdi

Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriler

Awtomobil ulagynda ýük daşamak boýunça kanunçylyk kämilleşdirildi