DÜNÝÄ

2026-njy ýylda Gazagystana haýsy dünýä ýyldyzlary geler

Gazagystanyň «Kazakh Tourism» edarasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Talgat Gazizow Hökümet mejlisinde şu ýyl Gazagystanda konsert berjek dünýä belli artistleriň atlaryny aýtdy diýip, “Kazinform” agentliginiň habarçysy habar berýär.

Onuň bellemegine görä, maý aýynda geçiriljek ilkinji konsertde Timbaland, Nikol Şerzinger, Busta Rhymes, Tyga, Keri Hilson, Flo Rida çykyş eder.

Umuman alanyňda, ýylyň ahyryna çenli azyndan bäş sany iri konsert çäreleriniň geçirilmegine garaşylýar.

Şeýle-de, “Kazakh Tourism” edarasy festiwal syýahatçylygyny ösdürmäge işjeň gatnaşýar. Bu çäreleriň esasynda syýahatçylyk bukjalaryny döretmek bilen meşgullanjak ýörite topar döredildi.

Şeýle hem media hyzmatdaşlar we goňşy ýurtlaryň syýahatçylyk kompaniýalary bilen bilelikde Gazagystana syýahatçylary çekmek boýunça işler alnyp barlar.

Ýene-de okaň

Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel bilen Türkmenistanyň Ilçihanasyndaky duşuşyk

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler