BIZNES

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: täze awtomobil ýollary gurlar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan taýýarlanylan 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bu barada täze ýylyň ilkinji Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

Meýilnamalara laýyklykda, ýurdumyzda gurluşygy dowam edýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalarda we desgalarda alnyp barylýan işleriň hiline gözegçilik etmek, gurluşyklary, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek, täze, döwrebap ugurdaş kärhanalary gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, himiýa we gurluşyk senagaty pudaklarynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, önümleriň täze görnüşlerini öndürmek, hereket edýän kärhanalary taslama kuwwatyna çykarmak, awtomobil ýollaryny we köprüleri döwrebaplaşdyrmak, täzelerini gurmak boýunça işleri dowam etdirmek, Aşgabat şäherinde medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň, awtomobil ýollarynyň gurluşygyny alyp barmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk pudagynda göz öňünde tutulan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmegiň, gurluşyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini yzygiderli artdyrmagyň, energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da kämilleşdirmegiň, täze awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek işlerini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we senagat toplumynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler