SPORT

2025-nji ýylyň ilkinji “El-Klasikosy”

2025-nji ýylyň ilkinji “El-Klasiko” duşuşygy, ýagny Ispaniýanyň 2 ägirdi – “Barselona” bilen “Real Madrid” toparlary Ispianiýanyň Superkubogynyň finalynda duşuşar.

Ispaniýanyň Superkubogy 4 toparyň gatnaşmagynda Saud Arabystanyda geçirilýär. Ilkinji duşuşykda “Barselona” topary güýçli “Atletika Bilbao” toparyny 2:0 hasabynda utan bolsa, “Real Madrid” topary bolsa, “Malýorka” toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi.

Final duşuşygy 12-nji ýanwarda Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde geçiriler. Onda “Barselona” bilen “Real Madrid” duşuşar.

Ispaniýanyň Superkubogy 1982-nji ýyldan bäri geçirilýär. 2019-20-nji ýylda bu ýaryş 4 toparyň gatnaşmagynda geçirilip başlandy.

“Barselona” topary bu arzyly kubogy 14 gezek gazandy. Bu ugurdaky görkezijide öňdeligi eýeleýän “Barselona” toparyndna 1 kubok az gazanan “Real Madrid” topary 2-nji orunda durýar.

Bu iki topar mundan ozal, Ispaniýanyň Superkubogynda 1988-nji, 1990-njy, 1993-nji, 1997-nji, 2011-nji, 2017-nji we 2023/24-nji ýylyň möwsüminde duşuşypdy.

Final duşuşygy 12-nji ýanwarda Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlaýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”