MEDENIÝET

2025-nji ýylyň Buker baýragyny wenger-britaniýaly ýazyjy Dewid Soloý gazandy

Wenger-britaniýaly ýazyjy Dewid Soloý “Jan-ten” atly romany üçin 2025-nji ýylyň Buker baýragynyň ýeňijisi boldy diýip, “The Guardian” neşiri habar berýär.

Eminler toparynyň başlygy Roddi Doýl, eminle toparynyň mundan ozal, şeýle esere duş gelmändigini aýtdy. “Bu eserde käbirpursatlar bar, olary okamak uly lezzet berýär,” — diýip ol belleýär.

Soloýyň altynjy çeper eseri Iştwan atly bir adamyň — Wengriýadaky ýaşlygyndan başlap Londondaky ýokary jemgyýete çenli bolan durmuşyny beýan edýär.

Soloý baýrak hökmünde 50 000 funt-sterling aldy. Baýrak dabarasy Londonda geçirildi. Ol 2016-njy ýylda hem bu baýrak üçin gysga sanawda bolupdy.

Buker baýragy her ýyl awtoryň raýatlygyna garamazdan iň gowy iňlis dilindäki kitaba berilýär. 2024-nji ýylda bu baýrak britaniýaly ýazyjy Samanta Harwä “Orbita” atly romany üçin berlipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy