JEMGYÝET

2023-nji ýyly mynasyp atlandyrmak üçin teklipler öwreniler

Sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçiren Türkmenistanyň Prezidenti Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryna ýüzlenip, Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda her ýyla mynasyp at bermegiň asylly däbe öwrülendigini belledi.

Eziz Watanymyz öz ösüşinde milli döwletliligiň ýörelgelerine daýanýar. Ösen döwleti döretmek hem-de jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmek işinde täze belentliklere ýeten mähriban halkymyz bagtyýar zamananyň eşretini görüp ýaşaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýyly mynasyp atlandyrmak boýunça ýurdumyzyň dürli künjeklerinden, jemgyýetçilik guramalaryndan, raýatlarymyzdan we ýaşlardan gelip gowuşýan teklipleri öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda degişli düzümler bilen utgaşykly işiň ýola goýulmagynyň zerurdygyny nygtady.

Related posts

Türkmenistan, İran’ın borcunu ödeyeceğine inanarak, bu ülkeye ihracata devam eder

vepa

Baş arhiw müdirliginden sanly hyzmat

Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllyk dabaralaryna gatnaşdy